B. Hydyrow, D. Rejepow TÜrkmen çagalar edebiýaty
Download 3.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Hydyrow B~Türkmen çagalar edebiýaty-2015`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
ATAMYRAT ATABAÝEW
(1948) Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew 1948-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Mary etrabynyň 1-nji Gökje obasynda do- guldy. Ol orta mekdebi tamamlandan soň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty bölümine okuwa girip, ony 1972-nji ýylda tamamlaýar. Atamyrat Atabaýew «Türkmenistan» neşirýatynda, Türkme- nistan Ýazyjylar birleşiginde, Türkmenistanyň Metbugat baradaky Döwlet komitetinde, Medeniýet ministrliginde, «Galkynyş» gaze- 126 tinde dürli wezipelerde işledi. Häzır ol «Güneş» çagalar žurnalynda zähmet çekýär. Şahyr döredijilik işine 1966-njy ýylda başlady. Onuň 30-dan gowrak çeper we terjıme kitaplary rus we türkmen dillerinde neşir edildi. A.Atabaýewiň saýlanan eserleri «Garaşsyzlyk ganatym» diýen at bilen 1998-nji ýylda çapdan çykdy. A.Atabaýew dünýä edebiýatynyň görnükli şahyrlary A.S.Puşki- niň, M.Ý.Lermontowyň, S.A.Ýeseniniň, J.Baýronyň, I.W.Gýotänin, F.Şilleriň, R.Kiplingiň, T.Şewçenkonyň, R.Gamzatowyň we başga-da onlarça şahyrlaryň goşgularyny terjime etdi. A.Atabaýewiň çeken zähmetine Döwlet tarapyndan mynasyp baha berildi. Şahyr «Galkynyş», «Bitaraplyk» ordenleri, «Gaýrat», «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary bilen sylaglandy. A.Atabaýew çagalar üçin hem birnäçe şygyrlary, poemalary döretdi. Onuň «Ýaz nireden çykdy?», «Bagşy bilbil», «Boý derege boý gerek», «Dört dogan» ýaly kitaplary körpe okyjylaryň söýgü- sini gazandy. «Ýaz nireden çykdy?» ýygyndysyna şahyryň ozalky ýygyndylaryna giren goşgulary, şonuň ýaly-da, dünýä şahyrlarynyň çagalar üçin ýazan goşgularynyň terjimeleriniň birnäçesi girizilipdir. Şahyryň liriki gahrymany joşgunly, göwnaçyk, duýguçyl, dog- ruçyl, tebigaty, janly-jandarlary söýýän, kynçylykdan baş alyp çyk- many başarýan ýetginjek. Bu gahryman tebigat täsinliklerini örän in- çelik bilen synlaýar, olary duýmagy başarýar, haýran galýar. Liriki gahrymanyň pikiriçe, Asman şalygy bilen Ýer şalygy bir-biri bilen örän mähirli sazlaşykly gatnaşyk saklaýarlar: Ähli güller Alýar reňkini Günden. Gyzyl güller – gyzyl reňki, Ak güller – ak reňki, Sary güller – sarysyn. Sanap çykmak mümkinem däl barysyn. Günde haýsy reňkleň bardygyn biljek bolsaň, Onda Ýeriň suratyn çek! 127 A.Atabaýew okyjyny zähmetsöýerlige, edeplilige, watançylyga çagyranda ýene-de tebigatdan, onuň janly-jandarlarynyň keşplerinden peýdalanýar. Iş ederler, dawa-jeňe Ne meýli, ne wagty bardyr. Ählijesi agzybirdir, Hemmesi-de bagtyýardyr. Zähmetsöýer, işe gaýym, Azaphondyr garynjalar, Mydam çapyljak at ýaly, Ne semrär, ne garny bardyr. Diňe işe gümra olar, Synla ulusyn, uşagny. Armaz-irmez daýhan ýaly, Mydam billeri guşalgy. «Bir ýyl» poemasy. Liriki gahryman bir ýylyň dowamynda her aýyň özboluşly taraplary, häsiýeti, aýratynlyklary barada gürrüň berýär, özi-de «çaganyň garaýşynda», «çaganyň pikirlenişinde», «çaganyň dilinde» gürleýär: Aýt, gyş haçan gutarýar? Gyş fewralda gutarýar. Fewral örän gysgajyk, Gysgalygna utanýar. Fewral asla utanma, Sen bahara howlugyp, Üç güni kem alypsyň, Ol hem seniň gowlugyň. 128 Tamamlaýaň gyşy sen, Eredip doň howany. Ýaşyl ýazyň başy sen, Garly gyşyň dowamy. «Fewral» Liriki gahrymanyň pikiriçe, her aýyň öz häsiýeti, aýratynlygy bar. Ýanwar – täze ýylyň başlanýan, Aýaz babanyň horjunly gelýän aýy, Fewral – örän utanjaň, sebäbi, gysga aý, ýaşyl ýazyň başlanýan, garly gyşyň jemleýji aýy, Mart – surata ökde suratkeş, Aprel – ýaşyl jygaly, gök kürteli, güli dökülen agaçlaryň miwä durýan aýy, Maý – durşuna baýram aýy, Iýun – arpa-bugdaý, gawun-garpyz, zamçalaryň ýetişýän aýy, Iýul – bagda miweleň bişýän aýy, Awgust – Ak altynly meýdanlaryň joşýan aýy, Sentýabr – hasylly altyn güýzüň başlangyjy, Oktýabr – Ýurt garaşsyzlygyny alan aýymyz, şatlyk-bagta dolan aý, Noýabr – howa sowap gyş aganyň gelýän aýy, Dekabr – hasabyna örän ekabyr hasapçy aý, köne ýylyň hoşlaşyp, täze ýylyň gelýän aýy. A.Atabaýew çagalar şahyry hökmünde türkmen edebiýatyna täzeçillik tapyndylaryny getirdi. Şahyryň döredijilik aýratynlyklaryny kemala getiren ýagdaýlar: Türkmen halk döredijiliginiň ertekiçilik däbiniň täzeçe şekil hem many-mazmuna salynmagy («Owadan pyçak hakynda erteki», «Çeşme suwy hakynda erteki» ýaly gysgajyk ertekileriň mysalynda), tapmaça-sanawaçlaryň täzeçe görnüşleri. Täze görnüşli tapmaçalarda rus çagalar edebiýatynyň täsiri göze ilýär: Ýanýar hem, Aglaýar hem Onuň ady näme? Şem! Ýansa ýyladar öýüň Agarmaz ömür-ömür: Oň ady näme? Kömür! 129 Suw doňanda derýada, Ölmez düýbünde galyp. Oň ady näme? Balyk! Içindäki däneler Sanardan kän bolansoň, Bolýar olara ýer dar. Näme bişip ýarylýar? – Nar! Bu tapmaçalary okamak hem, şobada ýat tutmak hem çagalar üçin ýeňil. Hem akgynly okalýar, hem ýatda galyjy. Ýene bir belleme- li ýeri – tapmaçalaryň jogaby jaýdar kapyýalaryň hasabyna berilýär: «hem – şem», «ömür – kömür»... Şahyryň döreden ýaňyltmaçlarynda – «bu gije», «ak gar» birinji bentde, «Päk gül kimin zemin ak» – ikinji bentde, «Bu gar örän zor ýagýar» – üçünji bentde, «Ak baglar, daglar, ýer gök» – dördünji bentde söz oýnatmasy görnüşinde gaýtalanýar. Iň soňky bäşinji bentde bolsa, ýokarky dört bentde gaýtalanýan setirler bäşinji bent ýaňyltmajy emele getirýär. Bu gije ak gar ýagýar, Päk gül kimin zemin ak. Bu gar örän zor ýagýar, Ak – baglar, daglar, ýer, gök. Bu-da şahyryň ussatlygyndan, döredijilik gözlegleriniň şowly neti- jelerinden nyşan. Şahyr söz oýnatmalara, çeperçilik serişdelerini ulanma- ga ussat. Şahyryň çagalar şygryýetinde ulanýan özboluşly şekilleri bar: Üçleme – her bendi üç setirden ybarat bolan goşgy görnüşi. Şahyryň «Pöwrize» goşgusy şu görnüşde ýazylypdyr. Barsaň göwnüň galkynjak, Pöwrizäniň salkynjak Howasy bar, jora jan! 9.Sargyt №3046 130 Astrofik goşgy – setirleri deň ölçegde, bentlere bölünmeýän, haýsy ýerde näçe setir öz aralarynda sazlaşyp bendi düwse, şonça se- tirden – iki, üç, dört, bäş, alty we ondan-da köp setirden ybarat bentli goşgy görnüşidir. «Mekdebimiziň bagynda», «Goşlynyň goşan goşgusy», «Tilkiniň tutan toýy» ýaly goşgular şu görnüşde ýazylypdyr. Download 3.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling