B. Hydyrow, D. Rejepow TÜrkmen çagalar edebiýaty


TÜRKMEN ÇAGALAR DRAMATURGIÝASY


Download 3.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet33/36
Sana03.06.2024
Hajmi3.01 Kb.
#1899213
1   ...   28   29   30   31   32   33   34   35   36
Bog'liq
Hydyrow B~Türkmen çagalar edebiýaty-2015`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

TÜRKMEN ÇAGALAR DRAMATURGIÝASY
Türkmen çagalar dramaturgiýasy özboluşly edebi ugur hökmün-
de otuzynjy ýyllaryň ikinji ýarymynda döräp başlady. 
Çagalar dramaturgiýasy poeziýa, proza bilen aýakdaş gidip bil-
medi. Aslynda bu ugurda eser az ýazyldy.
Otuzynjy ýyllaryň ikinji ýarymynda H.Şükürowyň «Iki dost», 
D.Agamämmedowyň «Kör garga», B.Annanurow bilen A.Aleksan-
dro wyň «Ýartygulak» dramalary halk döredijiliginiň täsiri esasyn-
da ýa zylan, çagalar üçin döredilen ilkinji drama eserleri hökmünde 
bel lidir.


168
Uruş ýyllarynda hem-de uruşdan soňky ýyllarda A.Annanurow 
bilen A.Aleksandrowyň halk döredijilik ýordumy esasynda ýazylan 
«Ýartygulak», D.Agamämmedowyň «Ýaş partizan», A.Begjanowyň 
«Geçemen» pýesalary çagalar üçin niýetlenipdi. Soňky ýyllarda we-
lin, meselem, altmyşynjy ýyllarda çagalar üçin pýesalaryň ençemesi 
döredildi.
«Çagalar üçin pýesalar» diýen at bilen bir perdeli pýesalaryň 
ýygyndysy neşir edildi. Ýygynda A.Durdyýewiň «Gahar» N.Baý-
ramowyň «Aýaz baba gelende», D.Berdiýewiň «Dawaly port fel» 
ýaly pýesalarynda zähmet terbiýesini bermek ýaly mesele öňe sü-
rülýär. «Gaharda», «Dawaly portfelde» özlerini bibaş alyp barýan 
çagalaryň üstünden düşülýär. Şu häsiýet bu pýesalardan has soň 
B.Suwhanowdyr A. Mämiliýew tarapyndan ýazylan «Wellek bilen 
Lallyk» atly gurjak oýnuna-da mahsus. Bu pýesada iki sany işýakmaz 
ýalta paş edilýär.
P.Körpäýewiň «Ilkinji kostýor», M.Badaýewiň mekdep hö wes-
jeňleri üçiň niýetlän «Laçyn», «Pioneriň kasamy», «Keýik şahy» pýe-
salary-da dürli-dürli temalary öz içine alýar. G.Muhtarowyň «Täsin 
tebip», B.Hudaýnazarowyň «Baharyň demi» atly köp perdeli pýesa-
lary çagalar dramaturgiýasynyň şowly ädimleri boldy.
Garagum temasyna bütin döredijiliginde içgin çemeleşen B.Hu-
daýnazarow çagalara niýetlän pýesalalarynda Garagumda gud rat dö-
redip, türkmen sährasyna jan beren edermen gurluşykçylaryň irginsiz 
zähmet netijeleri barada söhbet açdy.
N.Geldiýewiň teatr eserleriniň bäsleşiginde baýraga mynasyp 
bolan «Keçjal gyzjagaz» librettosynda zatlary aýawly saklamaýan 
biperwaý gyzjagaz tankyt edilýär. Sahna keşpleriniň üsti bilen ça-
galaryň aňyna ýetirilýän meseleleriň, eger olaryň doly manysynda 
janlandyrylan bolsa, näderejede gymmatynyň boljakdygy öz-özünden 
düşnüklidir.
Ýetmişinji ýyllaryň çagalar edebiýatynda mekdep çeper hö-
wesjeňleri üçin pýesalar ýetmezçilik edýärdi. Bu ýyllaryň türkmen 
çagalar dramaturgiýasynda A.Çopanow «Synçy», «Towşan bilen gap-
laň», «Iki dost», «Ýaş gahryman», «Klasdaş BAM», «Salýut, Ýeňiş» 
ýaly bir perdeli pýesalaryny döretdi.


169
D.Oraýewiň türkmen halk döredijiliginiň täsirinde döreden 
«Betpäl şa, naýynsap döw we ogurlanan bagt hakda rowaýat» atly iri 
göwrümli drama eserinde Adyl bilen Bagtyýaryň keşpleri ynandyryjy 
berlipdir.
W.Şibaýew bilen D. Oraýewiň «Ýatdan çykarmaryn» pýesasy 
segseninji ýyllaryň türkmen çagalar dramaturgiýasynda möhüm äh-
miýete eýe boldy. Eserde çeper fantaziýanyň giň ýaýrawy, Serdaryň 
keşbiniň täsirliligi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. 
Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen çagalar dramaturgiýasynda 
H.Şirow, A.Çopanow ýaly awtorlar drama eserlerini döretdiler. Şo-
lardan Hemra Şirowyň «Göroglynyň ýaşlygy» atly drama eseri uly 
terbiýeçilik ähmiýete eýe bolup, gowy baha mynasyp boldy.
Türkmen çagalar dramaturgiýasynyň beýleki edebi žanrlar bilen 
deň derejede ösüp bilmezliginiň sebäplerini şu ugurdan ýörite eser 
ýazýan awtorlaryň bolmazlygy, çagalar dramaturgiýasynyň aňyrdan 
gelýän kämil edebi däpleriniň ýoklugy bilen düşündirip bolar. Aslyn-
da çagalar dramaturgiýasynda edil häzirki döwürde-de beýleki ugurlar 
bilen deňeşdirilende durmuş hakykatyny çuň beýan edýän, körpeleriň 
şu günki isleglerini ödeýän pýesalar ýetmezçilik edýär. Çeper keşp 
döretmek babatynda-da ol edebiýatyň ösüş derejesinden yza galýar.
Şonuň üçinem Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ruhun-
da çagalar üçin täze-täze drama eserlerini döretmeklik döwrüň wajyp 
meseleleriniň biri bolup durýar. 

Download 3.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   28   29   30   31   32   33   34   35   36




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling