B. Hydyrow, D. Rejepow TÜrkmen çagalar edebiýaty


Download 3.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet30/36
Sana03.06.2024
Hajmi3.01 Kb.
#1899213
1   ...   26   27   28   29   30   31   32   33   ...   36
Bog'liq
Hydyrow B~Türkmen çagalar edebiýaty-2015`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

AGAGELDI ALLANAZAROW
(1948)
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi A.Allanazarow 
1948-nji ýylda Tagtabazar etrabynyň Marçak obasynda dogulýar. Ol 
ilki oba mekdebinde, soňra Mary şäherindäki mugallymçylyk mekde-
binde okaýar. Moskwanyň A.M.Gorkiý adyndaky edebiýat institutyny 
tamamlaýar. Zähmet ýoluna «Türkmenistan» neşirýatynda redaktor 
wezipesinden başlaýar. 
A.Allanazarow edebiýat meýdanyna 70-nji ýyllarda geldi. Onuň 
ilkinji goşgular ýygyndysy «Günüň öýi» ady bilen 1977-nji ýylda 
çapdan çykdy. Soňra dürli ýyllarda «Pilotkaly gyz», «Üç murtlak ka-
pitan», «At gaýraty», «A ýazýan», «Iner ýüki» diýen ýaly kitaplary 
neşir etdirdi. 


151
Çagalar şahyry A.Allanazarowyň şygryýeti, esasan, kiçi ýaşly 
çagalara niýetlenendir. Şahyryň goşgularynyň tematikasy giň gerime 
eýe bolup, olarda çaga dünýäsiniň täsinlikleri, çaganyň daşyny gurşap 
alan gurşawa bolan gatnaşygy baradaky mesele esas edilip alnypdyr.
A.Allanazarowyň «Günüň öýi» goşgular toplumynda milli 
öwüşginler, milli häsiýet oňat açylyp görkezilýär. Ýygynda girizilen 
goşgularda oýun işi arkaly çagalara ilkinji zähmet endikleriniň berlişi 
şahyryň üns merkezinde saklanypdyr. 
Sahyryň poeziýasy ýakymly ýumora baýlygy, Watana bolan 
söýgi meselesiniň giňden orun almagy taýyndan uly ähmiýete eýedir. 
A.Allanazarowyň «Çal tüýdügim», «Dagdanam beýik» kitaplary 
rus dilinde neşir edilip, doganlyk halklaryň körpelerine hem ýetirildi. 
Şahyryň goşgularynda türkmen durmuşynyň, türkmen mil-
li häsiýetiniň şahyrana beýany okyjyny özüne çekýär. Şahyryň 
şygryýetiniň çaga aňyna ýetijiligi, gözellik duýgularyna täsir edijiligi 
juda güýçli. 
A.Allanazarowyň döredijiligine mahsus bolan alamatlar hökmün-
de şu aşakdakylary bellemek mümkin.
1. Şahyr ýaşajyk gahrymanynyň psihologiýasyna gaty beletlik 
bilen düşünýär. Ol goşgyny özboluşly pikir bilen bezemegi başarýar.
2. Sahyryň döredijiliginde erteki görnüşi gowy işlenen. Onuň «At 
gaýraty» eseri erteki häsiýetli bolmak bilen çaga aňyna adamkärçilik 
duýgusyny, zähmete söýgi ýaly pikirleri siňdirýär.
3. A.Allanazarow öz şygryýetinde meňzetmeleri we deňeşdirme-
le ri ussatlyk bilen ulanmagy başarýar.
4. Şahyryň döredijiliginde ýiti synçylyk duýulýar. Onuň «A 
ýazýan» şygrynda çaga durmuşy, çaga psihologiýasy aýdyň beýa-
nyny tapypdyr. Goşguda heniz mekdebe barmadyk çaga hek alyp, 
harp ýazmagy öwrenýär. Çaga bilesigelijiligi, çaga höwesi ony erkine 
goýmaýar:
Tanaýan «A»-ny,
Ýazýaryn «A»-ny, 
Indi köpelýär,
«A»-laryň sany.


152
Maşynyň köne
Tekerne ýazdym.
Öýüň basgançak 
Çykarna ýazdym...
5. Şahyryň goşgularynda tebigatyň suratyny çekmäge köp ýyk-
gyn edilýär. Şahyr tebigatyň janly hem jansyz predmetlerine adam 
keşbini girizmegi halaýar. Şunda ol ýakymly ýumory ýerlikli ulan-
magy başarýar.
Şahyryň döredijiliginde iri sýužetli eserlere hem duş gelinýär. 
Muňa mysal edip, «Şir hakynda erteki», «Lukman, çöl, dertli aýy 
hakynda erteki» diýen poemalary görkezmek bolar. Şahyr bu eser-
lerinde haýyr bilen şeriň arasyndaky göreş barada sadalyk bilen 
ynandyryjy gürrüň berýär. Bu ertekiler çagalara ýagşy-ýamanyň 
nämedigini öwretmekden daşary olaryň aňyna tebigaty goramak 
duýgusyny hem siňdirýär. 
Şahyryň «Bir bar eken...» diýen kitabyna giren goşgulary 
mekdep, okuw, zähmet, tebigat we beýleki temalara bölmek mümkin. 
Onuň «Meniň şatlygym» goşgusynyň liriki gahrymany ertir okuwa 
barjagyna şatlansa «Okuwçy bolsaň» şygrynyň gahrymany öz okaýşy, 
özüni alyp barşy barada gürrüň berýär.
A.Allanazarowyň «Aman» goşgusynda ýalta, özüne seretmeýän 
oglan barada gürrüň açylypdyr. Ony turuzjak bolsalar turmaýar, 
ýuwun diýseler ýuwunmaýar. Ol sapaga jaň bolar uçurlary mekdebe 
ylgaýar. Bu ýagdaýlaryň netijesi-de:
Tizden alyp sumkasyn,
Ters geýip botinkasyn,
Mekdebe gelýär günde,
Çöwre köýnek egninde...
Şahyryň «Gündeliksiz biläý, kaka» goşgusynyň körpe gahryma-
ny kakasy gündeligini sorasa, gündeligim suwa gaçyp, içindäki bar 
bäşligim suw degip öçüpdir diýip ýalan sözleýär. Ol kakasyna:


153
Arkaýyn bol, kaka, menden, 
Gündeliksiz biläý şuny; 
Käte «Tiken» gazetde-de, 
Çykarýarlar «öwüp» meni...
-diýip, öz syryny özi açýar.
A.Allanazarowyň döreden eserleri özüniň milliligi, pelse-
pe örüsiniň çuňlugy bilen tapawutlanýar. Onuň eserlerindäki bu 
aýratynlygy öz döwründe ýazyjynyň eserleriniň terjimeçileri hem te-
lim gezek belläpdiler.
Terjimeçi W.Orlow ýazyjynyň eserleriniň Moskwada çykan ne-
şirine ýazan sözbaşysynda muny aýratyn nygtapdy: «Hatda kim-de kim 
entek Türkmenistanda bolmadyk-da bolsa, ol ýerde ýaşaýan giň göw-
rümli, mertebeli, zähmetsöýer halky görmedigem bolsa A.Allanazaro-
wy okansoň ol ýurdy söýüp, sarpalap, hormat goýup ugraýar. Bu häsi-
ýet diňe hakyky, milli ýazyjynyň döredijiligine mahsus...»
Şahyryň «Dost» şygrynda ýakymly, mylaýym çaga dostlugy 
hakynda gürrüň berilýär:
Sözümiz azaşdy 
Nurnazar bilen
Ol az-kem günäkär
Azajygam men...
ýa-da
«Dost hem dosta gerek»
Diýlen gürrüň hak. 
Aňsat däl ekeni,
Dostsuz ýaşamak...
Goşgularda liriki gahryman dostsuz ýaşamagyň kyndygyna 
düşünýär.
Şahyryň 1997-nji ýylda çapdan çykan «Şadyýan harplyk» atly 
kitaby körpe okyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Kitapda geň ýu-
morly goşgulardyr ertekiler bar.


154
Şahyr «Şadyýan harplyk» eserinde türkmen elipbiýindäki harp-
laryň her birini durmuş mysaly bilen baglanyşdyryp, çeperçilik taý-
dan «janlandyrýar».
A.Allanazarow diňe şygryýetde däl, prozaçy hökmünde-de çaga-
lara we ýetginjeklere gyzykly eserleri hödürledi. Onuň «Ýedi däne» 
powestinde çaga durmuşynyň gyzykly hem çylşyrymly meseleleri 
gozgalyp, powestiň terbiýeçilik ähmiýeti ýokary derejä göterilipdir. 
«Iner ýüki» powestinde türkmeniň asylly däpleriniň ýaş nes-
le geçişi baradaky mesele ynandyryjy beýanyny tapypdyr. Uruş 
ýyllarynyň çagalarynyň kyn durmuşy, ýeňşi ýakynlaşdyrmak üçin tyl-
da alyp baran janaýamazakly göreşleri baş gahryman Ýazlynyň çeper 
keşbi arkaly teswirlenipdir.
Powestde ýazyjy sýužet ýordumyny ähli wakany gahrymanynyň 
adyndan beýan etmek bilen ösdüripdir. Eserde Watançylyk urşy ýyl-
larynda, atalaryň, agalaryň ornuny eýelän gelin-gyzlaryň, çagalaryň 
zäh metsöýerligi, wepadarlygy baradaky mesele teswirlenýär. Ýa zy-
jy nyň gahrymany Ýazly fronta giden agasynyň yzynda galmak bi-
len başardygyndan maşgalanyň mertebesini saklamaga, goramaga 
çalyşýar.
A.Allanazarowyň köptaraply döredijiligi öz täsinligi we okyjyny 
özüne çekijiligi taýyndan uly ähmiýete eýedir.

Download 3.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   26   27   28   29   30   31   32   33   ...   36




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling