G I R I Ş
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow:
Gadyrly ýaşlar, siziň oňat okamagyňyz,
tüýs Watan ogul-gyzlary bolup ýetişmegiňiz
üçin döwletimiz ähli şertler döredýär.
Tejribäniň görkezişi ýaly, matematika okuwçylaryň
köpüsi üçin iň kyn, gyzyksyz ders hasaplanylýar. Ma
tematika dersine bolan gyzyklanmany döretmek mate
matika mugallymlarynyň öňünde duran iň wa jyp we
gaýragoýulmasyz wezipeleriň biridir. Tejribeli mu gal
lymlar matematikanyň özboluşly aýra tynlygyny, özü
ne çekijiligini örän ýerlikli peý da lanmak bilen okuwçy
larda matematika dersine bolan höwes, ýykgynlyk
dö redýärler. Okuwçylarda matematika dersine bolan
söýgini döretmekde mese leleriň mümkinçiligi örän
uludyr. Göräýmäge çözülişi ýönekeýje ýaly bolup gö
rünýän, emma ýeterlik de rejede çylşyrymly meseleler
okuwçylarda uly gy zyklanma döredýär. Şu gollanmada
hödürlenilýän me seleleri okuw çylara sapakda (sapagyň
soňunda okuwçylar ýadan mahallary), synpdan daşary
işlerde özleşdirmek bolar. Bu gollanmadan alnan mese
lemysallary 4–10njy synplaryň okuwçylaryna hödür
läp bolar. Bu meseleleriň köpüsiniň hasap lama işleri ýö
nekeý bolup, ýöne meseleleriň çözülişini tapmak welin
8
dogry, esasly we yzygiderli pikir ýöretmegi talap edýär.
Şeýle meseleler okuwçylarda matematika dersine höwes
döretmäge ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem,
okuwçylaryň logiki pikirlenmek başarnyklaryny hem
ösdürýär. Bu bolsa matematikany höwesli öwrenmegiň
başlangyjydyr. Logiki pikirlenmek başarnyklary çaga
doglanda oňa taýýar görnüşinde berilmeýär. Logiki
pikirlenmek ukyby we başarnyklary matematika dersi
döredijilikli öwredilende ösdürilýär we berkidilýär. Bu
başarnyklar bolsa okuwçylaryň matematikany üstün
likli özleş dirmek leriniň esasy bolup durýar.
Dogry ýaly, emma logika ters gelýän pikire sofizm
diýil ýär. Sofizmler hem okuwçylarda uly gyzyklanma
döredip, matematikany inçelik bilen örän çuňňur öw
renmäge ýardam edýär.
9
Do'stlaringiz bilan baham: |