B. Kömekow, A. Orazgulyýew, G. Gurbangulyýew, O. Aşyrow, A. Kaşaňow, H. Geldiýew, A. Öwezow TÄsin matematikanyň syrlary


 Amanyň doganlary ekiz. Olar häzir 6 ýaşynda.  Sebäbi (6–2)⋅2=6+2


Download 1 Mb.
Pdf ko'rish
bet8/57
Sana31.12.2022
Hajmi1 Mb.
#1073548
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   57
Bog'liq
Kömekow B Täsin matematikanyň syrlary-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

29. Amanyň doganlary ekiz. Olar häzir 6 ýaşynda. 
Sebäbi
(6–2)⋅2=6+2 we (6–3) ⋅ 3=6+3.
30. 1+19=20, 2+18=20, 3+17=20 we ş.m. bol ýan­
lygy üçin bu goşulyjylaryň her birini garşylykly te­
gelegiň içine ýazyp, ortaky tegelekde bolsa 10­y ýaz­
ýarys. Meseläniň doly çözülişi suratda görkezilendir.


30
31. Köplenç, ýük maşyny Aşgabatdan uzakda bol ­
jak ýaly bolup görünýär. Emma olar duşuşanda ma­
şynlaryň ikisi hem Aşgabatdan deň daşlykda bolar.
32. 3 ⋅ 20 + 2 ⋅ 10 = 80; 
3 ⋅ 10 + 2 ⋅ 20 = 70.
33. Spidometrdäki 10 müňlük sifriň 2 sagatda 
üýt gäp bilmejekdigi düşnükli. Diýmek, spidometr däki 
birinji we iň soňky sifr 1 bolmaly. Müňlük sifr ýük ma­
şy ny 49 kilometr geçen badyna üýtgäýmeli. Diýmek, 
ikinji sifr we iň soňkynyň öň ýanyndaky sifr 6 bolmaly. 
Ýüz lük sifr 0 ýa­da 1 bolup biler. Eger ol 1 bolsa, ma­
şyn 2 sagatda 16161 – 15951= 310 km, ýagny sa gatda 
155 km geçmeli. Emma ýük maşyny bu tizlikde gidip 
bilmez.
Diýmek, ýük maşyny 2 sagatda 16061–15951=110 km 
geçip, sagatda 110: 2 = 55 km/sag tizlik bilen hereket 
edipdir. 
34. Begenç tudanalary özüçe deň üç bölege bölüp, 
özi gapdala çekildi we oglanlara şeýle diýdi: «Maňa 
bu üýşmekleriň islendigini teklip etseňiz alaryn. Indi 
ilki Mergen soňra bolsa Geldi iň kiçi üýşmegi görkez­
sin. Eger olaryň kiçi diýip görkezen üýşmekleri gabat 
gelse, ony men alýaryn. Galan iki üýşmegi Geldi bilen 
Mergen meseläniň şertinde getirilen usul boýunça öza­


31
ra bölüşýärler. Eger Geldi Mergeniň kiçi diýip görke­
zen üýşmeginde üçden birden az bolmadyk tudana bar 
diýip hasap etse, onda ol bu üýşmegi ozüne alsyn. Geldi 
bolsa galan iki üýşmegiň uly hasaplanylýanyny alsyn. 
Galan üýşmegi bolsa men alaryn».
35. Wesýetiň düzülişi ýalňyş. Sebäbi wesýet boýun­
ça 
3
1
4
1
5
1
6
1
60
57
+ + + =
bolýanlygy üçin emlägiň barysy däl­
de, onuň diňe 
60
57
bölegini paýlamak göz öňünde tutu­
lypdyr. 59 sany sygyr goňşylarynyň bir sygryny üstüne 
goşmak bilen 60 bölege bölünipdir. Onuň 57 bölegi, 
ýagny 57 sany sygyr doganlara paýlanylyp berlipdir, 
3 bölegi, ýagny 3 sygyr bolsa goňşylaryna galypdyr.
36. Öňkı meseledäkı ýaly ýalňyşlyk wesýetiň dü­
zülişinde, sebäbi bölekleriň sany 1­e deň däl­de,
1­den kiçi bolýar: 
.
2
1
3
1
9
1
18
9 6 2
18
17
+ + = + + =
37. Goý, Aman Çary bilen akda Meret bolsa Çary 
bilen garada oýnan bolsun. Çary Amanyň göçümine 
garaşýar we göçümi Merediň garşysyna edýär. Merediň 
jogabyna garaşýar we göçümi Amanyň garşysyna edýär 
we ş.m. Netijede, eger Aman aklarda Çaryny utsa, öz 
gezeginde Çary hem aklarda Meredi utýar, tersine, Me­
ret garalarda Çaryny utsa, öz gezeginde Çary hem ga­
ralarda Amany utýar. Olaryň özara deň oýnamaklary 
hem edil şuňa meňzeş bolup geçýär.
38. Birinji garynja çalt çykar. Sebäbi ikinji garynja 
ýerden sütüniň depesine çykýança, birinji garynja ýere 
düşüp we sütüniň depesine çykyp ýetişýär.

Download 1 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   57




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling