B. Kömekow, A. Orazgulyýew, G. Gurbangulyýew, O. Aşyrow, A. Kaşaňow, H. Geldiýew, A. Öwezow TÄsin matematikanyň syrlary
Garry ene bazara satmak üçin ýumurtga getir di. Birinji alyjy ýumurtgalaryň 2 1 -
Download 1 Mb. Pdf ko'rish
|
Kömekow B Täsin matematikanyň syrlary-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
47. Garry ene bazara satmak üçin ýumurtga getir
di. Birinji alyjy ýumurtgalaryň 2 1 -ini we ýenede 1 ýu murtga satyn aldy. Ikinji alyjy galan ýumurtgalaryň 2 1 ini we ýenede 1 ýumurtga satyn aldy. Üçünji alyjy hem soňky galan ýumurtgalaryň 2 1 ini we ýenede 51 1 ýumurtga satyn aldy. Şeýlelikde, garry enede 5 ýu murtga satylman galdy. Garry ene başda bazarda sat mak üçin näçe ýumurtga getiripdir? 48. Kakasy Aman, Maýsa we Kyýas üçin hoz satyn aldy. Hozlary çagalar deň paýlaşmalydylar. Mekdepden birinji Kyýas geldi we hozlaryň 3 1 ini alyp oýnama ga git di. Ikinji mekdepden Maýsa geldi we galan hozlaryň 3 1 ini alyp enelerine gezmäge gitdi. Üçünji mekdepden Aman geldi we galan hozlaryň 3 1 ini aldy. Şondan soň se kiz hoz galdy. Kakasy çagalary üçin näçe hoz alyp dyr. 49. Amanyň, Merediň we Çarynyň aşyklary bardy. Aman öz aşyklaryndan Merede we Çara olarda näçe aşyk bar bolsa, şonça aşygy berdi. Soňra Meret öz aşyklaryndan Amana we Çara olaryň her haýsynda näçe aşygy bar bolsa, şonça aşygy berdi. Iň soňunda Çary hem öz aşyklaryndan Amana we Merede olaryň her haýsynda näçe aşygy bar bolsa, şonça aşygy berdi. Şondan soňra oglanlaryň her birinde 8 aşygy bardy. Ilki başda oglanlaryň her birinde näçe aşygy bar eken? 50. Kakasy 24 sany hozy üç oglunyň her haýsyna näçe ýaşan bolsa, şonça hozdan paýlap berdi. Kakasy: «Goý, doganlaryň kiçisi öz hozlarynyň ýarysyny uly doganlaryna deň paýlap bersin. Soňra doganlaryň or tanjysy öz hozlarynyň ýarysyny uly we kiçi dogan laryna deň paýlap bersin. Iň soňunda uly dogan hem hozlarynyň ýarysyny kiçi doganlaryna deň paýlap ber sin» diýip sargady. Ogullary kakasynyň bu sargydyny berjaý edenlerinde ola ryň her birinde 8 hozy bardy. Doganlaryň her biri näçe ýaşynda? 52 51. Bahar aýy atasy 4 agtygyny alyp, kömelek ýygmaga gitdi. Kömelekli meýdanda olaryň her haýsy dürli taraplara gitdiler. Birsalymdan atalary ýadap oturdy we tapan kömeleklerini sanady. Ol 45 sany kö melek tapypdy. Atalarynyň oturanyny görüp agtyklary onuň ýanyna ylgaşyp geldiler. Olaryň özleri kömelek tap mansoňlar, atasyndan tapan kömeleklerinden öz lerine bermegini soradylar. Atalary öz tapan kö me lek le riniň ählisini agtyklaryna paýlady. Çagalar ýene de kömelek gözläp, dürli taraplara ýörediler. Şonda çagalaryň biri 2 kömelek tapdy, beýlekisi bolsa 2 kö melek ýitirdi, üçünjisi atasynyň bereni ýaly kömelegi tapdy, dördünjisi bolsa atasynyň beren kömelekleriniň ýarysyny ýitirdi. Çagalar öýlerine gelip kömelekleri ni sananlarynda olaryň ählisiniň kömelekleriniň sany deňdi. Oglanlaryň her birine atasy näçe kömelek be ripdir? Olar öýlerine gelende çagalaryň her haýsynda näçe kömelegi bar eken? 52. Iki agaçda 16 serçe otyr. Ikinji agaçdan 2 serçe uçup gitdi, soňra birinji agaçdan ikinji agaja 5 serçe uçup bardy. Ondan soňra agaçlaryň her birinde şol bir sanly serçeler boldy. Agaçlaryň her birinde ilkibaşda näçe serçe bar eken? 53. Atasy, kakasy we ogly üç bolup Serdaryň sag lyk ýoly bilen ýokarlygyna barýardylar. Olaryň tanşy Meret aga aşaklygyna düşüp gelýärdi. Sag lyk – aman lyk soraşylandan soňra Meret aga olaryň hersiniň näçe ýaşyndadygyny sorady. Atasy «Biziň üçümiziň bile likdäki ýaşymyz 100» diýip ýokarlygyna ýöräp ugrady. Kakasy «Oglumyň we meniň bilelikdäki ýaşymyz 45. Men oglumdan 25 ýaş uly» diýip ol hem ýoluny do wam etdi. Şeýlelikde, Meret aga olaryň her biriniň nä 53 çe ýaşyndadygyny bilip bilmedi. Olaryň her biri näçe ýaşyndaka? Download 1 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling