B. Kömekow, A. Orazgulyýew, G. Gurbangulyýew, O. Aşyrow, A. Kaşaňow, H. Geldiýew, A. Öwezow TÄsin matematikanyň syrlary
Motorly gaýyk käbir aralygy akymyň ugruna 3 sagatda, edil şol aralygy akymyň garşysyna 4,5 sa gatda geçip bilýär. Akymyň
Download 1 Mb. Pdf ko'rish
|
Kömekow B Täsin matematikanyň syrlary-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
27. Motorly gaýyk käbir aralygy akymyň ugruna
3 sagatda, edil şol aralygy akymyň garşysyna 4,5 sa gatda geçip bilýär. Akymyň ugruna akyp barýan içi boş gap bu aralygy näçe wagtda geçer? 28. Iki motosikletli bir wagtyň özünde şäherden oba ugradylar. Olaryň birinjisi ähli ýoly 25 km/sag tizlik bilen, ikinjisi bolsa ýoluň birinji ýarymyny 30 km/sag, ikinji ýarymyny 20 km/sag tizlik bilen geçdi. Olaryň haý sysy oba çalt barypdyr? 29. Oba bilen şäheriň arasynda baýyr bar. Şonuň üçin awtobus baýra çykanda 25 km/sag tizlik bilen, baýyrdan aşak düşende bolsa 50 km/sag tizlik bilen he reket edýär. Şäherden oba gidende awtobus ýola 4 sa gat, obadan şähere gaýdanda bolsa 3,5 sagat sarp edýär. Oba bilen şäheriň arasyndaky uzaklygy tapyň. 30. (Eýleriň meselesi). Öz ähli baýlygyny ogullary na deň bölmek islän baý adam aşakdaky ýaly wesýet edipdir. «Meniň uly oglum pulumdan 1000 tylla we ga la nynyň 8 1 ini alsyn, ikinji oglum 2000 tylla we ga lanynyň 8 1 ini alsyn, üçünji oglum 3000 tylla we ga la nynyň 47 8 1 ini alsyn we ş.m.». Wesýet eden adamyň ogullarynyň sanyny we baýlygynyň mukdaryny kesgitlemeli. 31. Ýaz aýlary oglanlar kömelek ýygmaga gitdiler. Kömelek ýygyp bolansoňlar tapan kömeleklerini deň paýlaşmagy karar etdiler. Oglanlaryň iň kiçisine 20 kö melek we galan kömelekleriň 0,04üni, ondan uly ogla na 21 kömelek we galan kömelekleriň 0,04üni, üçün ji oglana 22 kömelek we galan kömelekleriň 0,04üni we ş.m. berdiler. Näçe oglan kömelek ýygmaga gitdi? Olaryň her birine näçe kömelekden ýetdi? 32. Mydama gaýnap duran samowardaky suwy 5 adam 1,5 sagatda, 8 adam bolsa 1 sagatda çaý demle nip içip gutaryp bilýär. Samowary 11 adam näçe sagat da içip gutarar? (Suwuň gaýnap bugarmasy we çaýyň içilişi deň ölçegli bolup geçýär diýip hasaplamaly). 33. (Nýutonyň meselesi). Meýdandaky ot deň gür lükde we deň çaltlykda ösýär. 70 sygryň bu meýdanyň otuny 24 günde, 30 sygryň bolsa 60 günde iýip gutar jakdygy belli. 96 sygyr bu meýdanyň otuny näçe günde iýip gutarar? (Sygyrlar meýdanyň otuny deň mukdar da we deň ölçegli iýýärler diýip hasaplamaly). 34. Aman tigirli 16 00 da demir ýol menziline bar makçy boldy. Eger ol 15 km/sag tizlik bilen gitse, onda menzile bir sagat öň, ýagny 15 00 da, eger 10 km/sag tiz lik bilen gitse bolsa bir sagat soň, ýagny 17 00 da bar jakdy. Demir ýol menziline 16 00 da barmak üçin Aman nähili tizlik bilen gitmeli? 35. Doganlar Begli, Myrat, Meret we Çary balyk tutmaga gitdiler. Olar öýlerine gelenlerinde Çary ejesi ne: «Men 6 balyk. Myrat 7, Begli 3, Meret 4 balyk tut 48 duk» diýdi. Ejesi ogullaryna bir goşowuç pisse berdi. «Ýöne pisseleri öz tutan balyklaryňyza görä paýlaşyp iýiň» diýdi. Çagalar pisseleriň sanynyň 60a deňdigini anykladylar. Olar bu pisseleri nähili paýlaşmaly? 36. Iki balykçy derýa balyk tutmaga gitdiler. Olaryň biri 4, beýlekisi bolsa 5 sany deň ululykdaky balyklary tutdular. Balykçylar balyklary gün ýaşmanka arassa lap, ot ýakyp olary gowurmaga başladylar. Şol wagt ge çip barýan ýolagçy olar bilen agşamlyk edindi. Ýolagçy agşamlygy üçin 1 manat 80 teňňe berdi. 4 balyk tu tan balykçy: «Bu puluň 80 teňňesi meniňki, 1 manady seniňki bolmaly» diýdi. Oňa 5 balyk tutan balykçy: «Ýok sen ýalňyşýarsyň. Bu puluň 1 manat 20 teňňesi meniňki, diňe 60 teňňesi bolsa seniňki bolmaly» diýdi. Balykçylaryň haýsysy mamla? Download 1 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling