B. Kömekow, A. Orazgulyýew, G. Gurbangulyýew, O. Aşyrow, A. Kaşaňow, H. Geldiýew, A. Öwezow TÄsin matematikanyň syrlary


Oglanyň ýaşy kakasynyňkydan iki esse kiçi.  Kakasy 24 ýaşyndaka ogly doglupdy. Häzir ogly näçe  ýaşynda? 55


Download 1 Mb.
Pdf ko'rish
bet17/57
Sana31.12.2022
Hajmi1 Mb.
#1073548
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   ...   57
Bog'liq
Kömekow B Täsin matematikanyň syrlary-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

54. Oglanyň ýaşy kakasynyňkydan iki esse kiçi. 
Kakasy 24 ýaşyndaka ogly doglupdy. Häzir ogly näçe 
ýaşynda?
55. 11 metrlik ýüpi bir bölekdäki metrleriň sany beý­
leki bölekdäki desimetriň sanyna deň bolar ýaly edip, 
iki bölege böldüler. Her bölekdäki ýüpüň uzynlygyny 
tapyň.
56. Oglanlar, suwy kesilen ýabyň düýbünde galan 
suwdan birnäçe balyk tutdular. Her oglana bir balyk 
bereniňde olaryň birine ýetmeýänligi, eger her iki 
oglana bir balykdan berlende bolsa bir balygyň artyp 
galýanlygy belli boldy. Oglanlaryň sany näçe we olar 
näçe balyk tutupdyrlar?
57. Uçup gelýän guşlar agaçlary gördüler we olaryň 
üstüne gonmaga başladylar. Guşlar bir­birden gonan­
larynda olarýň dördüsine agaç ýetmedi. Her agaja iki­
ikiden gonanlarynda bolsa bir tut agajy artyp galdy. 
Näçe agaç we näçe guş bar eken?
58. Aman we Çary küşt oýnaýardylar. Çary göçüm 
etmek üçin çuňňur oýa batanda Amanyň içi gysyp 
başlady. Aman şonda tagtadaky boş öýjükleriň mal­
lar duran öýjüklerden 3 esse köpdugini we özüniň 
mallarynyň Çarynyň mallaryndan 4 sany köpdügini 
anyklady. Şu pursatda olaryň her haýsynda näçe maly 
bar eken? 
59. «Ata sen näçe ýaşyňda?» ­ diýip agtygy ata ­
syndan sorady. Atasy «Eger meniň ýaşan her 10 ýyly­
myň üstüne 2 ýyldan goşsaň, meniň ýaşym 84 bolar» 


54
diýp jogap berdi. Agtygy atasynyň näçe ýaşyn dadygyny 
örän kynlyk bilen hasaplap tapdy. Oglanjygyň atasy 
näçe ýaşynda?
60. Kakalary Amana we Merede özara küşt oýna­
magy teklip etdi. Her utan oýny üçin küştçä baýrak 
hökmünde pisse berjekdigini, özünem öňki utan oý­
nundakydan 4 esse köp pisse berjekdigini aýtdy. Aman 
oýnalan dört döwüň dördüsinem utdy we baýrak hök­
münde 255 pisse aldy. Aman her utan oýnundan soň 
näçe pisse alypdyr?
61. Kakasy 5 oglunyň her haýsyna deň sanly hoz 
berdi. Doganlarynyň üçüsiniň her biri 5 hozy iýen­
lerinden soňra olaryň galan hozlarynyň beýleki iki 
doganyňky ýalydygy belli boldy. Kakasy ogullarynyň 
her birine näçe hoz beripdir?
62. Aman jigisi Merjeni doglan gününe 16 manat 
80 teňňä oýunjak aýyny, maýmyny, syçany we pişigi 
satyn aldy. Maýmynyň, syçanyň we pişigiň bilelikdäki 
bahasy 12 manat 60 teňňe, aýynyň, syçanyň we pişigiň 
bilelikdäki bahasy 11 manat 20 teňňe, maýmynyň we 
pişigiň bilelikdäki bahasy 10 manat 20 teňňe bolsa, 
oýunjaklaryň her biriniň bahasy näçe? 
63. Meniň 1 manat 20 teňňe pulum bardy. Men bu 
pula sirkul, çyzgyç we transportir satyn aldym. Eger 
men sirkul we çyzgyç üçin bu puluň 
3
2
bölegini, çyz­
gyç we transportir üçin 
5
3
bölegini sarp eden bolsam bu 
esbaplaryň her haýsy üçin näçe pul töläpdirin?
64. Obadan şähere barýan iki oglan ýoluň 
3
1
­ini ge­
çenden soň dynç almak üçin oturdylar. Oglanlaryň biri 


55
beýlekisinden: «Biz ýene näçe ýol ýöremeli?» diýip so­
randa ol: «Geçen ýolumyzdan 12 km köp ýol ýöremeli» 
diýip jogap berdi. Şäher bilen obanyň arasyndaky 
uzaklyk näçe?
65. Myrat sygyrlary, goýunlary we geçileri bakyp 
ýördi. Onuň ýanyna dosty Mergen gelip «Seniň bakýan 
mallaryň näçesi sygyr?» diýip sorady. Myrat «Sygyrlar 
meniň bakýan mallarymyň 
2
1
­ini düzýär» diýip jogap 
berdi. Onda Mergen «Bu mallaryň näçesi goýun?» diýip 
sorady. Myrat «Goýunlar meniň bakýan mallarymyň
3
1
­ini düzýär» diýip jogap berdi. «Geçiler näçe sany?» diý len 
soraga Myrat «Geçiler goýunlardan 25 sany az» diýip 
jo gap berdi. Mergen biraz pikirlenip, näçe sygryň, goý­
nuň we geçiniň bardygyny kesgitledi. Näçe sygyr, goýun 
we geçi bar?
66. Enesi agtyjaklary üçin etli somsa bişirdi. Ol 
somsalary sanap pikirlendi: «Eger her agtygyma 5 som­
sadan paýlasam, onda bir agtygyma 5 däl­de, eýsem, iki 
somsadan ýeter. Eger her agtygyma 4 somsadan paýla­
sam, onda 3 somsa artyp galýar». Enäniň näçe agtygy 
bar eken? Ol näçe somsa bişiripdir?
67. Oglanlar synpdaş gyzlaryny bahar baýramy bi­
len gutlamakçy boldular. Olar her bir gyza 1 manat 
60 teň ňelik sowgat almak üçin 1 manat 20 teňňäniň ýet­
meýänligini, 1 manat 20 teňňelik sowgat alsalar 1 ma nat 
60 teňňäniň artyp galýandygyny hasapladylar. Oglan­
lar näçe manada sowgat almakçy boldular? 
68. Daýhan öz ýetişdiren üzüm hasylynyň 2000 kg 
kem 
3
1
­ini çakyr zawodyna tabşyrdy. Galan hasylyň


56
2
1
­ini we 6000 kg­ny bolsa bazarda satdy. Daýhan näçe 
üzüm hasylyny ýetişdiripdir we onuň näçesini zawoda 
tabşyryp, näçesini bolsa bazarda satypdyr?

Download 1 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   ...   57




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling