45
19. Öküz bir daňy bedäni 1 sagatda, at 2 sagatda,
geçi bolsa 3 sagatda iýip gutarýar. Olaryň üçüsi bile
likde bir daňy bedäni näçe sagatda iýip gutararlar?
20. Oglanjyk 600 gram mürepbäni 6 minutda iýýär,
Böwenjik bolsa ondan iki esse çalt iýýär. Olaryň ikisi
bilelikde 600 gram mürepbäni näçe wagtda iýerler?
21. Ýük otlysynyň uzynlygy 1
km we ol 50
km/sag
tizlik bilen hereket edýär. Ol uzynlygy 1
km bolan tun
nelden näçe wagtda geçer?
22. 150 metrlik köpriniň üstünde
duran adam
otlynyň öz deňinden 10 sekuntda geçenligini, köprini
geçmek (teplowozyň köpriniň üstüne müneninden, tä
soňky wagonyň köpriniň üstünden düşýänçä wagty)
üçin bolsa 25 sekunt harçlandygyny kesgitläpdir. Otly
nyň uzynlygyny we onuň tizligini kesgitläň.
23. Eginleri deň bolmany üçin agramy nädogry
ölçeýän okaraly terezi bar. Massasyny anyklamaly ýüki
ilki tereziniň bir okarasyna salyp, agram daşlary bol
sa beýleki okara salyp çekdiler. Soňra bolsa ýüküň we
agram daşlaryň okaralaryny çalşyp çekdiler. Ýüküň
massasyny anyk kesgitläp bolarmy?
24. Eginleri deň bolmany üçin agramy nädogry öl
çeýän okaraly terezi bar. 2
kg ýarmany almak üçin
1
kg daşy bir okarada goýup, beýleki okara bolsa ýar
ma guýdular. Soňra bolsa okaralary çalşyp ýenede 1
kg ýarmany çekdiler. Bu iki gezek çekilen yarmalary
goşup, onuň massasynyň 2
kg-ma deňligi barada netije
çykardylar. Bu netije dogrumy?
25. Ýük maşyny 25000
km geçenden soň onuň
yz tigrindäki rezinleri, 15000
km geçenden soň bol
46
sa öň tigrindäki rezinleri täzesi bilen çalşyrmaly bol
ýar. Eger öz wagtynda öň we yz tigirlerdäki rezinler
çalşyrylsa, onda ýük maşyny näce kilometr ýoly rezin
lerini çalşyrmazdan geçip biler?
26. Derýanyň akyş tizligi 2
km/sag. Eger gäminiň
tizligi üýtgewsiz bolsa, onda akymyň ugruna ýüzýän
gäminiň tizligi akymyň garşysyna ýüzýän gäminiň tiz
liginden näçe köp?
Do'stlaringiz bilan baham: