B. Kömekow, A. Orazgulyýew, G. Gurbangulyýew, O. Aşyrow, A. Kaşaňow, H. Geldiýew, A. Öwezow TÄsin matematikanyň syrlary
Nädip 7 almany 6 oglana deň paýlap bermeli? 38
Download 1 Mb. Pdf ko'rish
|
Kömekow B Täsin matematikanyň syrlary-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
37. Nädip 7 almany 6 oglana deň paýlap bermeli?
38. Iki daýhanyň biri 2 käse ýarma, beýlekisi bolsa, 3 käse ýarma goşup meýdanda bilelikde nahar taýýar laýardylar. Ýarma taýýar bolanda olaryň ýanyna ýene de 2 daýhan gelip bilelikde bu ýarmany iýip gutardy lar. Gelen iki daýhanyň her biri nahar üçin 1 manat pul berdiler. Nahar bişiren iki daýhan bu 2 manady nähili paýlaşmaly? 39. Garaşsyzlyk baýramynda Aman, Çary we Şat lyk 12 sany şokolad almagy karar etdiler. Aman 5, Çary bol sa 7 şokolad satyn aldylar. Şatlyk 4 şokolad üçin 2 ma nat 40 teňňe pul berdi. Bu puly Aman we Çary nä hili paýlaşmaly? 40. Çary aga bazarda goýunlaryny satyp gutaran dessine oňa obadaşy Meret aga duşup «Tüweleme senä goýunlaryňy derrew satyp gutaraýdyň. Kän goýun 49 getiripmidiň?» diýdi. Onda Çary aga «Birinji alyja ge tiren goýunlarymyň ýarysyny we ýenede ýarym goýny, ikinji alyja galan goýunlaryň ýarysyny we ýenede ýarym goýny satdym. Üçünji alyja ikinji alyjydan ga lan goýunlarymyň ýarysyny we ýenede ýarym goýny satanymda, goýunlar gutardy». Çary aga bazarda näçe goýun satypdyr? 41. Sebetde almalar bardy. Almalaryň deň ýarysyny we ýenede ýarym almany, soňra galan almalaryň ýarysyny we ýenede ýarym almany, iň soňunda bol sa galan almalaryň ýarysyny we ýenede ýarym al many alanlaryndan soň sebetde 31 alma galdy. Sebetde ilkibaşda näçe alma bar eken? 42. Sebetden 3 almany aldylar. Soňra galan alma laryň üçden birini we ýenede 3 alma aldylar. Şondan soňra sebetde ilkibaşdaky almalaryň ýarysy ýaly alma galdy. Sebetde näçe alma bar eken? 43. Aman mekdepden gelýärkä dosty Alta şeýle diýdi: «Eger meniň pulumyň üstüne, onuň ýarysy ýaly puly we ýenede 2 manat goşsaň, onda ikimiz 20 ma nada oýun ýazylan kompýuter diskini alyp bilerdik» diýdi. Amanyň näçe manat puly bar eken? 44. Bazara barýan Hudaýberdi gorkak dynç almak üçin bir sazagyň ýanynda oturan wagty onuň ýanyna mekir tilki gelip, halahwal soraşypdyr. Hudaýberdiniň näme almak üçin bazara barýandygyny, jübüsinde näçe pulunyň bardygyny bilenden soňra oňa şeýle diýipdir: «Hudaýberdi seniň aňsatja baýasyň gelýärmi? Sen şu sazagyň daşyndan her sapar aýlananyňda seniň jübüňdäki tylla teňňeleriň iki esse köpeler. Ýöne sen meniňem hyzmatymy ýatdan çykarmaly dälsiň. Puluň iki esse artany üçin her sapar maňa 16 tylla teňňäňi ber 4. Sargyt 6 50 meli bolarsyň» diýdi. Hudaýberdi oňa: «Eger sazagyň daşyndan her gezek aýlananyňda puluň iki esse köpel jek bolsa, onda saňa 16 teňňe bermegiň gürrüňi hem bolmaz» diyip sazagyň daşyndan bir gezek aýlandy we silkme telpegini çykaryp, pullaryny onuň içine dökdi. Haýran galaýmaly, onuň puly iki esse köpeldi. Ol wada berlen 16 tylla teňňäni tilkä sanap berdi we sazagyň daşyndan ikinji sapar aýlandy. Onuň pullary ýene iki esse köpelip, tilkä ýenede 16 teňňäni berdi. Ol üçünji sapar sazagyň daşyndan aýlananda onuň pullary ýene iki esse artyp, 16 teňňe boldy. Tilki ýenede 16 teňňäni aldyda guýrugyny gysyp gidiberdi. Haýran galan Hudaýberdi gorkak bolsa, pulsuz galdy. Ilki başda Hudaýberdiniň näçe puly bar eken? 45. Siňekler Welini şeýle bir ýadatdy welin, ol si ňekleri öldürmäge başlady. Ol 4 günde 216 siňegi öl dürdi. Şeýlelikde, ol her gün öňki günlerde öldüren si ňekleri ýaly siňegi öldürdi. Weli her gün näçe siňek öldüripdir? 46. Kakasy bazardan pisse alyp, ony öýe getirip aşhanada goýdy. Meret mekdepden gelip, pis seleriň ýarysyny iýdi. Soňra Aman mekdepden gelip, galan pis seleriň ýarysyny iýdi. Amandan soňra Ata mekdepden gelip, galan pisseleriň ýarysyny iýdi. Kakasy işden ge lende 4 pisse galan eken. Ol bazardan näçe pisse satyn alypdyr? Download 1 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling