41
II BAP
HASAPLAMAGA, DEŇLEME DÜZMÄGE
WE GÖTERIMLERE DEGIŞLI MESELELER
1. Alta galyndysyz bölünýän sany ýatdan belläň. Ol
sanyň ýarysyny; ol sanyň üçden birini; ol sanyň alty
dan birini tapyň. Alnan sanlary goşuň. Siz ýatdan bel
län sanyňyzy aldyňyz. Sanlaryň jemini hasaplaň?
2. Amana alma, armyt, üzüm almak üçin 3 manat
60 teňňe berdiler. Aman bazardan gelende uly dogany
Maýsa näçe pulunyň galanyny sorady. Aman puluň
2
1
–ine alma,
3
1
–ine armyt we
6
1
–ine üzüm satyn al
nandygyny aýtdy. Mende näçe puluň galanyny özüň bil
diýip jogap berdi. Maýsa: «Sende pul galmandyr» diý
di. Ol muny nädip bildi?
3. Maksat bir käse gara çaýyň
6
1
bölegini içdi we
käsäni süýt bilen doldurdy. Soňra ýenede käsäniň
3
1
bölegini içdi we ýenede ony süýt bilen doldurdy.
Soňra käsäniň ýarysyny içdi we ony ýene süýt
bilen
doldurdy. Ondan soňra Maksat käsäni tutuşlygyna içip
boşatdy. Maksat çaýy köp içdimi ýada süýdi?
4. Otluda barýan ýolagçy ýoluň ýarysyny geçenden
soň irkildi. Ol oýananda irkilip geçen ýolunyň ýarysy
42
ýaly ýoly geçmelidigi belli boldy. Ol ýoluň näçe bölegi
ni uklap geçiripdir?
5. Aman 2 depder, 1 ruçka üçin 90 teňňe töledi.
Eger ol 2 ruçka 1 depder alan bolsa, 1 manat 20 teňňe
tölemeli bolardy. Ruçkanyň we depderiň bahasyny kes
gitläň.
Do'stlaringiz bilan baham: