B. Kömekow, A. Orazgulyýew, G. Gurbangulyýew, O. Aşyrow, A. Kaşaňow, H. Geldiýew, A. Öwezow TÄsin matematikanyň syrlary


Gürrüňdeşiň ýaşyny nähili bilmeli?


Download 1 Mb.
Pdf ko'rish
bet52/57
Sana31.12.2022
Hajmi1 Mb.
#1073548
1   ...   49   50   51   52   53   54   55   56   57
Bog'liq
Kömekow B Täsin matematikanyň syrlary-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

9. Gürrüňdeşiň ýaşyny nähili bilmeli?
Gözbagçylykda hödürlenilýän amallary birnäçe ge­
zek ýerine ýetirip hemişe ýaşyň üstüne şol bir sanyň, 
ýagny 1089­yň goşulýandygyna göz ýetirmek kyn däl­
dir. Şonuň üçin size aýdylan netijeden 1089­y aýryp, 
söhbetdeşiňiziň ýaşyny bilip bilersiňiz. Gözbagçylygy 
birnäçe gezek görkezeniňizden soňra syr saklamak üçin 
ahyrky hasaplamalaryň görnüşini üýtgetmek maksada­
laýyk bolar. Mysal üçin, 1089­y 9­a böldürenden soňra 
paýa ýaşy goşdurmak we ş.m.
10. Gürrüňdeşiňiň doglan gününi, aýyny
we ýaşyny nähili bilmeli?
Alnan netijeden 444 sany aýyrmaly. Şonda alnan 
tapawudyň soňky iki sifri tomaşaçynyň ýaşyny, or­
taky iki sifri onuň doglan gününi, başdaky iki sifri 
bolsa onuň doglan aýynyň tertip belgisini görkezer. Goý, 
tomaşaçy 1985­nji ýylyň oktýabr aýynyň 13­ünde dog lan 
bolsun. Onda ol aşakdaky özgertmeleri ýerine ýetirer:
10⋅100=1000; 
1000+13=1013; 1013⋅2=2026; 
2026+8=2034; 2034⋅5=10170; 10170+4=10174; 


141
10174⋅10=101740; 101740+4=101744; 
101744+24=101768; 101768–444=10.13.24.
Görnüşi ýaly, soňky iki sifri tomaşaçynyň ýaşyny, 
ortaky iki sifr onuň doglan gününi, başdaky iki sifr 
bolsa onuň doglan aýynyň tertip belgisini görkezýär.
11. Maşgalanyň düzümini nähili bilmeli?
Maşgalanyň düzümini bilmeklik üçin ahyrky neti­
jeden 75­i aýyrmaly. Biziň mysalymyzda: 122–75=47. 
Tapawudyň birinji sifri erkek doganlaryň, ikinjisi bol­
sa aýal doganlaryň sanyna deňdir. 
Hakykatdan­da, eger erkek doganlaryň sanyny a
aýal doganlaryň sanyny bolsa b bilen belgilesek, onda 
biz aşakdaky amallary ýerine ýetirýäris:
[(a+3)⋅5+20]⋅2+ b+5=10+75.
Görnüşi ýaly, 75 aýrylandan soňra ikibelgili san 
galýar. Ol ikibelgili sanyň onluklary a we birlikleri bol­
sa b deň. 
Bu gözbagçylygy diňe aýal doganlaryň sanynyň 
9­dan köp bolmadyk halatynda görkezmek müm­
kindir.

Download 1 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   49   50   51   52   53   54   55   56   57




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling