B. Kömekow, A. Orazgulyýew, G. Gurbangulyýew, O. Aşyrow, A. Kaşaňow, H. Geldiýew, A. Öwezow TÄsin matematikanyň syrlary


Download 1 Mb.
Pdf ko'rish
bet51/57
Sana31.12.2022
Hajmi1 Mb.
#1073548
1   ...   47   48   49   50   51   52   53   54   ...   57
Bog'liq
Kömekow B Täsin matematikanyň syrlary-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

6. Üçbelgili sany bilmek
Bu gözbagçylykda her bir sifr bilen nähili amallaryň 
ýerine ýetirilendigini ýene­de bir sapar yzarlalyň. 


139
Ilkibaşda birinji sifri 2­ä, soňra 5­e, soňra 10­a köpel­
dipdik, ýagny jemläp aýdanda 2⋅5⋅10=100­e köpeldip­
dik. Ikinji sifri 10­a köpeldipdik. Üçünji sifr bolsa üýt­
gedilmän goşulypdy. Bulardan başga­da olaryň üstüne 
5⋅5⋅10, ýagny 250 goşulypdy.
Diýmek, alnan sandan 250­ni aýyrsak, 100­e köpel­
dilen birinji sifr, goşmak 10­a köpeldilen ikinji sifr we 
goşmak üçünji sifr galar. Has takygy ýatdan bellenilen 
san galar. Bu ýerden ýatdan bellenilen sany bilmegiň 
syry düşnükli bolar: ähli amallar ýerine ýetirilenden 
soň netijeden 250­ni aýyrmaly. Şonda ýatdan bellenen 
san galar. 
7. Nähili edip çyzylan sifri bilmeli?
Kim 9­a bölünijilik nyşanyny bilse, oňa islendik 
sanyň sifrleriniň jeminiň we edil şol sanyň özüni 9­a 
bölendäki galynda deňdigini bilýändir. Şonuň üçin 
şol bir sifrlerden, ýöne sifrleriniň orunlary üýtgedi­
lip düzülen iki sanyň her biri 9­a bölünende alynýan 
galyndylar hemişe deň bolýar. Diýmek, birinji san­
dan ikinjini aýranda alynýan tapawut hökman 9­a 
galyndysyz bölünmeli (sebäbi deň galyndylar aýrylanda 
nola deň bolar). Aýdylanlardan ugur alsak, ýoldaşyňyz 
aýyrmagy ýerine ýetirip, 9­a bölünýän san alýar. Sebä­
bi size aýdylan 8,4,8 sifrler goşulanda 20­ä deň bolýar, 
onda çyzylan sifriň 7 boljakdygy ikuçsuzdyr. Ol 20 bi­
len goşulanda 9­a bölünýän 27 san alynýar.
8. Doglan gününi we aýyny bilmek
Gözlenilýän senäni (doglan güni) kesgitlemek üçin 
ahyrky netijeden 365­i aýyrmaly. Alnan tapawudyň 
ahyrky iki sifri doglan aýyny we öňdäki iki sifri 


140
bol sa ol aýyň gü nüni aňladýar. Biziň mysalymyz­
da 2073 – 365 = 1708. 1708 sanyň üsti bilen awgust 
aýynyň 17­sini kesgitleýäris. Bu gözbagçylygyň maz­
munyny düşündireliň. Goý, aýyň gününi K, belgisi­
ni N harplar bilen belgiläliň. Olaryň üstünde degişli 
amal lary ýerine ýetireliň:
(2K⋅10+73)⋅5+N=100K+N+365.
Görnüşi ýaly, 365­i aýryp biz K ýüzlügi we N bir­
ligi alýarys. 

Download 1 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   47   48   49   50   51   52   53   54   ...   57




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling