134
kinçilik berýändigini ýatdan çykarmaly däldir. Bu san
alnan badyna siz tomaşaça islendik sifriň daşyny ga
lam bilen aýlamagy hödürläp, ýokardaky beýan edilen
usulda gözbagçylyk görkezip bilersiňiz.
21. Ýaşy bilmek
Käbir adamyň ýaşyny bilmekligiň gyzykly usul
larynyň biri dokuzlyk sifrler köki bolan san bilen bagla
nyşyklydyr. Tomaşaça islendik sany ýatdan belläp, ony
9a köpeltmek we alnan köpeltmek hasylyna öz ýaşyny
goşmak hödürlenilýär. Ol ahyrky netijäni size aýdýar.
Alnan jem boýunça tomaşaçynyň ýaşyny
bilmek kyn
däldir. Başda jemiň sifrler köküni tapmaly. Soňra ol
köke birnäçe gezek dokuzlyklary goşmaly. Haçanda al
nan san tomaşaçynyň ýaşyna laýygrak gelse, ony aýan
etmeli. Şol hem tomaşaçynyň ýaşy bolar.
Goý, siz tomaşaça islendik sany ýazdyryp, ony 9a
köpeldenden soň alnan jem 2826 bolsun diýeliň. Ol sana
özüniň 40 ýaşyny goşup, size 2866 sany aýdýar. Öz
gezegiňizde siz şol sanyň sifrler köküniň 4e deňdigini
çalt tapmaly, 4e dokuzlyklary goşup, 13, 22, 31, 40,
49 we ş.m. sanlary almaly. Adamyň keşbine seredip,
9 ýaş ýalňyşmagyň ähtimallygynyň örän kiçidigini
göz öňünde tutup, tomaşaça laýyk gelýän ýaşy eme
le gelen yzygiderlikden saýlap almaly. Mysalymyzda
tomaşaçynyň ýaşy hökmünde 40y alýarys.
Hasapçylar we derňewçiler goşmagyň we köpelt
megiň dogrulygyny sifrler köküniň kömegi bilen bar
laýarlar. Mysal üçin, eger ähli goşulyjylaryň sifrler
kökleriniň jeminiň sifrler köki bilen jemiň sifrler köki
deň bolmasa, onda hasaplamada ýalňyş goýberilendir.
Eger deňeşdirilende ol kökler deň bolsa, goşmak dogry
135
ýerine ýetirilendir. Bu ýagdaýy aşakda beýan ediljek
gözbagçylykda görkezeliň.
Do'stlaringiz bilan baham: