139
Ilkibaşda birinji sifri 2ä, soňra 5e, soňra 10a köpel
dipdik, ýagny jemläp aýdanda 2⋅5⋅10=100e köpeldip
dik. Ikinji sifri 10a köpeldipdik. Üçünji sifr bolsa üýt
gedilmän goşulypdy. Bulardan başgada olaryň üstüne
5⋅5⋅10, ýagny 250 goşulypdy.
Diýmek, alnan sandan 250ni aýyrsak, 100e köpel
dilen birinji sifr, goşmak 10a köpeldilen ikinji sifr we
goşmak üçünji sifr galar. Has takygy ýatdan bellenilen
san galar. Bu ýerden ýatdan bellenilen sany bilmegiň
syry düşnükli bolar: ähli amallar ýerine ýetirilenden
soň netijeden 250ni aýyrmaly. Şonda ýatdan bellenen
san galar.
7. Nähili edip çyzylan sifri bilmeli?
Kim 9a bölünijilik nyşanyny bilse, oňa
islendik
sanyň sifrleriniň jeminiň we edil şol sanyň özüni 9a
bölendäki galynda deňdigini bilýändir. Şonuň üçin
şol
bir sifrlerden, ýöne sifrleriniň orunlary üýtgedi
lip düzülen iki sanyň her biri 9a bölünende alynýan
galyndylar hemişe deň bolýar. Diýmek, birinji san
dan ikinjini aýranda alynýan tapawut hökman 9a
galyndysyz bölünmeli (sebäbi deň galyndylar aýrylanda
nola deň bolar). Aýdylanlardan ugur alsak, ýoldaşyňyz
aýyrmagy ýerine ýetirip, 9a bölünýän san alýar. Sebä
bi size aýdylan 8,4,8 sifrler goşulanda 20ä deň bolýar,
onda çyzylan sifriň 7 boljakdygy ikuçsuzdyr. Ol 20 bi
len goşulanda 9a bölünýän 27 san alynýar.
8. Doglan gününi we aýyny bilmek
Gözlenilýän senäni (doglan güni) kesgitlemek üçin
ahyrky netijeden 365i aýyrmaly. Alnan tapawudyň
ahyrky iki sifri doglan aýyny we öňdäki
iki sifri
140
bol sa ol aýyň gü nüni aňladýar. Biziň mysalymyz
da 2073 – 365 = 1708. 1708 sanyň üsti bilen awgust
aýynyň 17sini kesgitleýäris. Bu gözbagçylygyň maz
munyny düşündireliň. Goý, aýyň gününi
K, belgisi
ni
N harplar bilen belgiläliň. Olaryň üstünde degişli
amal lary ýerine ýetireliň:
(2
K⋅10+73)⋅5+
N=100
K+
N+365.
Görnüşi ýaly, 365i aýryp biz
K ýüzlügi we
N bir
ligi alýarys.
Do'stlaringiz bilan baham: