B. Kömekow, A. Orazgulyýew, G. Gurbangulyýew, O. Aşyrow, A. Kaşaňow, H. Geldiýew, A. Öwezow TÄsin matematikanyň syrlary
Download 1 Mb. Pdf ko'rish
|
Kömekow B Täsin matematikanyň syrlary-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Jogaplar we çözülişler
5. Oýlanyp ýatdan bir san belläň! 1.Eger ýatdan bellenen san a bolsa, onda ýerine ýe tirilen hasaplamalar (3a +2)⋅3+a =10a+6 ýaly bolar. Görnüşi ýaly, ilkinji sifri ýatdan bellenen san, ikinji sifri bolsa 6a deň bolan ikibelgili san alynýar. Eger bu ikibelgili sanyň birinji sifri çyzylsa, onda ýat dan bellenen san ýok edilýär. Şu ýerde gözbagçylygy görkezýäne tomaşaçynyň 6 sany alandygy aýan bolýar. Soňky ýerine ýetirdilýän amallar diňe gözbagçylygyň syryny açmazlyk üçin geçirdilýär. 2. Eger ýatdan bellenen san a bolsa, onda ýerine ýetirilen hasaplamalar 5a⋅2+14–8 = 10a+6 ýaly bolar. 1 gözbagçylykdaky ýaly, ilkinji sifri ýatdan bel lenen san, ikinji sifri bolsa 6a deň bolan ikibelgili san alynýar. Birinji sifr çyzdyrylandan soňra tomaşaçyda 6nyň alnandygy belli bolýar. Gözbagçynyň galan here ketleri düşnüklidir. 3. 1, 2, 3, ..., 9 sanlaryň islendigi bilen 29y goşsak, 30dan 38e çenli sanlaryň haýsy hem bolsa biri alnar. Alnan sanyň soňky sifrini taşlap, 3i alarys. Soňky ýe 137 rine ýetirdilýän amallar diňe gözbagçylygyň syryny açmazlyk üçin geçirdilýär. 4. Eger ýatdan bellenen san a bolsa, onda ýerine ýe tirilen hasaplamalar 5a⋅2–a = 9a ýaly bolar. Bu sanyň sifrleriniň jemi (9a köpeldilen sanyň sifrler köki) 9a deňdir. (9+2) 2 =121; 121–10=111; 111:3=37. 5. Eger ýatdan bellenen san a bolsa, onda ýerine ýetirilen hasaplamalar (25a + 3)⋅4=100a+12= a12 ýaly bolar. Bu üçbelgili sanyň birinji sifri çyzylandan soňra 12 alynýar. 12 2 =144; 1+4+4=9; 9+7=16. 6. Goý, ýatdan bellenen ikibelgili san a bolsun. Onda aşakdaky ýaly amallar geçirilýär: 110–a–7+15+a=118. Görnüşi ýaly, bu amallardan soňra tomaşaçynyň 118 alan dygy gözbagça belli. 118:2=59; 59–9=50; 50⋅3=150. 7. Goý, ýatdan bellenen 100den kiçi ikibelgili san a bolsun. Onda aşakdaky ýaly amallar geçirilýär: 130a–12+5+a=123. Görnüşi ýaly, bu amallardan soňra tomaşaçynyň 123 alandygy gözbagça belli. 123–120=3; 7⋅3=21; 21–1=20; 20:2=10; 10+30=40. 8. Eger ýatdan bellenen san a bolsa, onda ýerine ýe tirilen hasaplamalar (2a+1)⋅5=10a+5 ýaly bolar. Gör nüşi ýaly, bu sanyň iň soňky sifri 5. Eger bu sanyň iň soňky sifrinden beýlekileri çyzylsa, onda diňe 5 galar. Soňky ýerine ýetirdilýän amallar diňe gözbagçylygyň syryny açmazlyk üçin geçirdilýär: 5 ⋅ 5 = 25; 2 + 5 = 7. 9. Goý, ýatdan bellenen 100den kiçi ikibelgili san a bolsun. Onda aşakdaky ýaly amallar geçirilýär: 170–(a + 20)–6+a =144. Görnüşi ýaly, bu amallar 138 dan soňra tomaşaçynyň 144 alandygy gözbagça belli. 1+4+4=9; 9⋅9 = 81; 81–1=80; 80:2=40; 40+8=48. 10. Üçbelgili san iki gezek ýazylyp alnan altybelgili sany abcabc görnüşde ýazyp bolar. Bu altybelgili sanyň üstünde aşakdaky ýaly özgertmeleri gecirýäris: abcabc =100000a+10000b+1000c+100a+10b+c= =100100a+10010b+1001c=1001⋅(100a+10b+c)= =1001⋅ abc ; 1001⋅ abc :7=143 abc ; 143 abc : abc =143; 143:11=13; 13⋅2=26; 2+6=8. Görnüşi ýaly, 10njy gözbag çylykda sany aýan etmek ýörite tär esasynda amala aşyrylýar. Üçbelgili sanyň yzyndan ony gaýtalap ýaz mak, şol oýla nan sany 1001e köpeltmek diýmekdir (meselem, 356 ⋅ 1001 = 356356). 11. Eger ýatdan bellenen 10dan kiçi san a bolsa, onda ýerine ýetirilen hasaplamalar aşakdaky ýaly bo lar: (2a+1)⋅5 – 2 + 301=3⋅100+10a + 4 = a 3 4 . Görnüşi ýaly, bu sanyň ortaky sifrini çyzyp 34i alarys. 34 + 3 = 37. Bu gözbagçylyklaryň ählisinde dürli usullaryň kömegi arkaly ýatdan bellenilen san hasaplamalaryň arasyndan çykardylýar we soňky hasaplamalar gözbag ça aýan bolup başlaýar. Agzalanlary göz öňünde tutup, özüňiz ýatdan bellenilen sanlary tapmagyň täze mysal laryny oýlap tapyň. Download 1 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling