B. Kömekow, A. Orazgulyýew, G. Gurbangulyýew, O. Aşyrow, A. Kaşaňow, H. Geldiýew, A. Öwezow TÄsin matematikanyň syrlary


 Telefon kitap ulanylýan gözbagçylyk


Download 1 Mb.
Pdf ko'rish
bet53/57
Sana31.12.2022
Hajmi1 Mb.
#1073548
1   ...   49   50   51   52   53   54   55   56   57
Bog'liq
Kömekow B Täsin matematikanyň syrlary-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

12. Telefon kitap ulanylýan gözbagçylyk
Bu gözbagçylygyň syry ýoldaşyňyzyň geçiren ha­
sap lamalarynyň netijesiniň size öňünden mälimligin­
dedir. Sebäbi islendik üçbelgili sanyň üstünde agzalan 
hasap lamalar ýerine ýetirilende netije hemişe birmeňzeş 
bolýar, ýagny elmydama 1089 alynýar. Muňa göz ýe­
tirmek kyn däldir. Gözbagçylygy görkezmezden öň 
te lefon kitabyny açyp, ýokardan ýa­da aşakdan 9­njy 


142
setirde ýerleşýän telefon belgisine we onuň eýesiniň 
adyna, familiýasyna seretmek we ýatlamak uly mekir­
ligi talap etmeýär.
13. Haýran galdyryjy ýatkeşlik
Bu gözbagçylygyň esasy syry, aýdyljak nyşandadyr. 
A1, E4 we ş.m. nyşan ýazylan kagyz ondaky ýazylan sany 
doly aýan edýär. Ilkibaşda siz A­nyň 20­ni, B­niň 30­y, 
Ç­niň 40­y, D­niň 50­ni, E­niň 60­y aňladýanlygyny 
ýatdan bilmeli. Harpyň ýanynda goý lan sifr hem şol 
harp bilen bilelikde käbir sany aňladýar. 
Mysal üçin, A1 belgi 21­i, Ç3 belgi 43­i, E5 bel­
gi bolsa 65­i aňladýar. Bu sanyň kömegi bilen siz kä­
bir düzgüne esaslanyp, kartoçkada ýazylan uly san­
lary düzýärsiňiz. Ol sanlaryň düzülişini mysallarda 
görkezeliň. Goý, size tomaşaçylaryň biri E4 belgini 
aýdan bolsun. Siziň öňüňizde şu belgä degişli kartoç­
kada ýazylan sany kesgitlemek durýan bolsun. Bu 
belgä 64 degişli. Bu san bilen siz aşakdakylary ýerine 
ýetirmeli: 1) onuň sifrlerini goşmaly: 6+4=10; 2) ony 
ikeldýärsiňiz: 64⋅2=128; 3) onuň uly sifrinden kiçisi­
ni aýyrmaly: 6–4=2; 4) ol sanlary köpeltmeli: 6⋅4=24; 
ähli alnan netijeleri biri­biriniň yzyndan ýazmaly: 
10128224.
Alnan san kartoçkadaky ýazylan sandyr. Geçirilen 
hasaplamalary gysgaça şeýle belgilenýär: +, 2, –, ⋅,
ýagny goşmak, ikeltmek, aýyrmak we köpeltmek.
D3 kartoçkada haýsy sanyň ýazylandygyny kes­
gitläliň:
D3–53; 5+3=8; 53⋅2=106; 5–3=2; 5⋅3=15. Gözle­
nilýän san 8106215.
B8 kartoçkada haýsy sanyň ýazylandygyny kes­
gitläliň: 


143
B8–38; 3+8=11; 38⋅2=76; 8–3=5; 8⋅3=24. Gözlenil­
ýän san 1176524.
Bu mekir gözbagçylygyň syryny açmak örän kyn. 
Şoňa görä­de bu gözbagçylyk tomaşaçylary haýran gal­
dyrýar.

Download 1 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   49   50   51   52   53   54   55   56   57




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling