Hojamyrat Goçmyradow


Türkmen halk döredijiliginiň şahyrana topary


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet7/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Türkmen halk döredijiliginiň şahyrana topary 
Türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiliginiň şahyrana topary
özüniň gözbaşyny nesilbaşymyz Oguz han eýýamyndan (biziň
eýýamymyzdan öňki V müň ýyllykdan biziň eýýamymyzyň 650-nji ýylyna
çenli) alyp gaýdýar. Adam ata, How eneden soň folklor eserlerinden
hüwdüller, aýdymlar, läleler döräp ugrandyr diýen çaklama bar. Ýuwaş-
ýuwaşdan sanawaçlar, matallar, nakyllar, alkyş-dilegler-de ýüze çykýar. 
Oguz han eýýamynyň edebiýatynyň üç ýarym müňden gowrak
döwründe folklor eserleri kämilleşýär. Forma hem mazmun taýyndan
baýlaşýar. Porhançylyk, doga-jadylary, dessur aýdymlary-da döreýär. Oguz
handan başlanýan wesýetler, soňra Gorkut ata tarapyndan dowam etdirilýär. 
Emma bir ýarym-iki müň ýyldan aňyrky döwre degişli folklor ýazuw 
ýadygärligini tapmak kyndy.Ýurt Garaşsyz bolansoň,edebi gözlegler dowam 
etdirilip,biziň eramyzyň birinji asyrynda bolan wakany beýan edýän “Wis we 
Ramin”, X11 asyr mundan ozal döredilen “Yrk bitig”eserleriniň ýazuwly 
edebiýata degişli bolandygy subut edildi.Alymlaryň pikirine görä, bu eserleriň 
ikisi hem gözbaşyny şahyrana folklordan alyp gaýdypdyr. 


16 
X1 asyr alymy M. Kaşgarlynyň “Diwany lugat at-türk” (“Türki dilleriň
diwany”) eserinde şahyrana toparynyň žanrlarynyň ulanylandygyny alymlar
geçen asyrda subut etdiler. 
X1X asyryň ahyryndan başlanylyp, folklor eserleriniň žanrlary 
Gündogarşynaslar hem-de türkmen alymlary tarapyndan yzygiderli
öwrenilýär. Bu möhüm işde A.P.Samoýlowiçiň, I.A.Belýaýewiň, 
A.P.Poseluýewskiniň, B.Garryýewiň, S.Garryýewiň, K.Berkeliýewiň ylmy 
işleri uly ähmiýete eýedir. 
Sahyrana folklor eserleri möçberi, bogun sanlarynyň azlygy, labyzly 
aýdylyşy, ýeňil ýerine ýetirilişi boýunça tapawutlanýar. Olar özboluşly çüň
many-mazmuna eýedir. Folklor eserlerinde çeperçilik serişdeleriniň ulanylyşy-
da özboluşlydyr. Meňzetmeler köplenç halk durmuşyndan alynýar. Şygyrlarda 
owadanlyga, gözellige garaýyş durmuş hem tebigat tejribesi esasynda 
döredilipdir. 
Folklory döwürlere bölüp öwrenmekde dürli pikirler döräpdir. 
Gündogarşynas A.P.Poseluýewskiý synpy taýdan çemeleşip folklory dört 
döwre bölüpdir: 
1.Feodolizmden öňki folklor.2.Feodolizm döwrüniň folklory.3.Kolonial 
döwrüniň folklory.4.Proletar döwrüniň folklory. 
A.P.Poseluýewskiý mallar höreleninde aýdylýan aýdymlary, 
agylary,otparazçylyk bilen baglanyşykly sanawaçlary feodalizmden öňki 
döwürde döredilen folklor hasaplapdyr. Şahyrana toparynyň beýleki žanrlaryny 
ondan soňky döwürlere degişli edilipdir. 
Mundan 2,5 müň ýyl ozal Ermenistana göçüp baran şumerleriň, 
massagetleriň, sak taýpalarynyň täsiri bilen dörän ermeni halkynyň folklorynda 
hüwdüler, toý aýdymlary, dini aýdymlar, zikirler ýaly žanrlar bolupdyr. 
Türkmeniň şol döwürden 3 müň ýyl aňyrda dörän folklor eserlerinde-de bu 
žanrlaryň dörändigi hakykata ýakyndyr. 
Türkmen halk döredijiliginiň şahyrana toparynyň halky poeziýa, 
talhynlar, halky drama görnüşlerine bölünen döwürlerem bolupdyr. Ýöne welin 
talhynlar (ýigitleriň-gyzlaryň söýgi hakyndaky bentleri),halky drama 
(sanawaçlardaky, aýdymlardaky oýun elementleri),zikir aýdymlary özbaşadk 
forma eýe bolup bilmänsoň, olar žanr hökmünde öwrenmekden
galdyrylypdyr. 
Ýokary okuw mekdeplerinde şahyrana toparynyň
agylar,
ýaremezanlar, yrymlar žanrlary ýurt Ga
raşsyzlygyna çenli öwrenilmedi. 
Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerinde halk döredijiliginiň şahyrana 
toparynyň aýdymlar, toý aýdymlary, läleler, monjugatdylar, hüwdüler, 
küştdepdiler, sanawaçlar,ýaňltmaçlar, ýomaklar, alkyş-dilegler, agylar, 
yrymlar, ýaremezanlar,matallar, nakyllar we atalar sözi ýaly žanrlary 
öwrenilýär. 


17 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling