Hojamyrat Goçmyradow
Akar suw boýunda durasym gelýär
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- Daňdan oýanan horaz, Teňňä boýalan horaz , Sesim sesiňe gurban Ýarym oýadan horaz
- Erik bolup eýwanyňda güllesem, dönem , Bilbil bolup şahasynda saýrasam, dönem, Özüm halap, şeýle oglana barsam,dönem
- Duşmanlaryň için-bagryn ýakaly, ýareýjan , Oýan-oýan, ýar gözüňe döneýin, ýareýjan.
- Bu depe almalydyr, lollujan, Almasyny tirmelidir, lollujan, Bir agaçda bäş almadyr, lollujan, Ýara göndermişdir-eý, lollujan.
Akar suw boýunda durasym gelýär,
Ýar bilen saz –söhbet gurasym gelýär, Näzli ýarym aýra düşse ýanymdan- Yzynda sergezdan bolasym gelýär. Haraý aýdymlary ýurdumyzyň käbir etraplarynda ýerine ýetirilýär. Olar kiçijik aýdymlardan ybarat bolup, aýal-gyzlar tarapyndan düzülýär hem aýdylýar. Haraý aýdymlary käte şadyýan, käte-de gamgyn äheňindäki aýdymlardyr: Daňdan oýanan horaz, Teňňä boýalan horaz, Sesim sesiňe gurban Ýarym oýadan horaz. Görnüşi ýaly, bu aýdymlar aýal-gyzlaryň söýgi hakyndaky bentlerdir. Dönem, ýareýjan, lollujan aýdymlary kaka etrabynda meşhurdyr. Olar ogul öýerilende, gyz çykarylanda, çaga dogulanda, toýlarda aýdylýar. Dönem hem ýareýjan aýdymlarynyň bentleri biri-birine ýakyn. Dönem aýdymynda: Erik bolup eýwanyňda güllesem, dönem, Bilbil bolup şahasynda saýrasam, dönem, Özüm halap, şeýle oglana barsam,dönem, Haý dönem,aý dönem, ala göz ýara, dönem. Ýareýjan aýdymynda: Akar bolup bagyňyzdan akaly, ýareýjan, Aşyk bolup köçäňizden bakaly, ýareýjan, 21 Duşmanlaryň için-bagryn ýakaly, ýareýjan, Oýan-oýan, ýar gözüňe döneýin, ýareýjan. Dönem hem ýareýjan aýdym äheňli bentler bolup,öleňlere,lälelere,monjugatdylara,küştdepdilere meňzeşdir.Olar köplenç yşk-söýgi temasyndaky aýdymlar. Lollujan aýdymynda hem yşky mesele gozgalýar: Bu depe almalydyr, lollujan, Almasyny tirmelidir, lollujan, Bir agaçda bäş almadyr, lollujan, Ýara göndermişdir-eý, lollujan. Ýöne bu aýdymda söýgi söhbetiniň çäginde durmuşyň beýleki meselesi- de gozgalýar. Dönem, ýareýjan, lollujan aýdymlarynyň asly halky goşgulardyr. Olara aýdym sanawaçlary hem diýilýär. Şiwe alamatyny özünde saklaýandygy üçin, gepleşik aýratynlyklary-da bar. Gadymy döwürde ýaşlar içki joşgunyny, söýgüsini, arzuwyny goşgy setirlerine salyp, gudratly Biribardan haraý isläpdir, derdini ýeňledipdir. Şonuň üçin olara haraý aýdymlary diýilýär. Haraý sanawaç aýdymlary sazsyz ýerine ýetirilýär. Bu aýdymlar uzak ýyllaryň dowamyndaky durmuşy wakalary, däp- dessurlary, özüne siňdiripdir. Aýdyşyk aýdymlary-da (“Bergin bilezigim”,”Hoş imdi” (Hüýrlukga bilen Hemranyň aýdyşygy),”Suw ber içeli”(Görogly bilen Harmandäliniň aýdyşygy) özüne çekijidir. Şu hili aýdymlarda ýigit bilen gyzyň wepalylygy, yşgy duýgulary berilýär. Aýdyşyk aýdymlarynda biri-birini bilmek, tanamak üçin degişme manydaky şertler-de orta atylýar. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda aýralyk bilen bagly “kän salam” aýdymlary ýörgünli boldy. Bu aýdymlar halk şygryýetiniň irki görnüşleriniň biri. “Kän salam” aýdymlary ýazuwly edebiýata ýakyn halky eserlerdir. Olar şahsy häsiýetde bolup,salam hatlarynyň mazmunyna mahsuslylygy saklaýar. “Kän salamlaryň”- mazmunynda giňişlik ýatyr, ýagny bir ýerdäki ahwalaty başga bir ýere ýetirýär. Dili ýeňil, şiwe elementini özünde saklaýan “kän salamlar”gadymy aýdymlaryň biri. Magtymgulynyň “Habar ber – şeýlediri,”Zeliliniň “Salam, Seýdisi” “kän salamlardan” täsirlenip döredilen goşgulardyr. “Kän salamlaryň”taryhy wakalar bilen tanyşmakdaky, ýaşlary türkmençilik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti uly. Dessur aýdymy has gadymylygy bilen tapawutlanýar. Aýdymyň bu görnüşinde türkmeniň irki döwürdäki milli dessury hem ynanjy bar. Aýal-gyzlar mallary söýende,hörelände, süýt saganda mylaýym owaz bilen hiňlenýar. Bu aýdym mallara bolan söýgüni ösdürýär. 22 Belli bir döwürde giň ýaýran aýdymlaryň biri-de dini aýdymlardyr. Zikir belli bir möwsümde däl-de, hemme wagt ýerine ýetirilipdir. Porhançylyk bilen meşgullanan adamlar hem bolupdyr. Olar täsin galdyryjy hereketler, sözler arkaly adama jadygöýlik bilen täsir edip keselini bejeripdir. Halk aýdym-sazyny toplamakda hem ýaýratmakda 1925-nji ýylda döredilen türkmen ylmy-edebiýat jemgyýetiniň uly ähmiýeti bolupdyr. W.A.Uspenskiý bilen Muhammetmyrat Nepesliýew 1925-nji ýylyň ahyrynda,1926-njy ýylyň ýazynda hem-de 1927-nji ýylyň güýzünde türkmen halk saz sungatyna degişli maglumatlary toplamak maksady bilen Türkmenistanyň günorta we demirgazyk etraplarynda ylmy saparlarda bolýar. Şol saparlarda W.A. Uspenskiý 63 sany aýdymy ýazga geçirýär, halk aýdymlarynyň taryhyna degişli köp sanly maglumaty toplaýar. Netijede 1928- nji ýylda W.A. Uspenskiý bilen W.M. Belýaýewiň “Türkmen sazy”kitabynyň 1- nji tomy Moskwada rus dilinde neşir edilýär. Kitapda milli saz sungaty, türkmen sazandalary hem bagşylary, olaryň ömri we döredijiligi,aýdym-saz repertuary hakynda täsin we gyzykly maglumat berilýär. Kitabyň 2-nji tomy hem 1936-nji ýylda Moskwada rus dilinde neşir edilýär. Kitabyň bu neşirindeW.A.Uspenskiniň türkmen aýdym-sazyny öwrenmekdäki hyzmaty görkezilýär. “Türkmen sazy” kitaby 1979-nji ýylda Aşgabatda neşir edilip türkmen okyjylaryna ýetirildi. Türkmen aýdymlary 1944-nji hem 1960-nji ýyllarda ýörite ýygyndy bolup neşir edildi. Türkmen aýdym-sazynyň taryhyny öwrenmekde bagşyşynas A.Aşyrowyň, saz öwreniji Ö. Gandymowyň hyzmaty uly. Olar halk aýdymlarynyň baý repertuaryna folklor eserleriniň egsilmez çeşme bolup hyzmat edýändigini ýene-de bir gezek bellediler. Ýurt Garaşsyzlyga eýe bolansoň, esasan-da häzirki beýik Galkynyş eýýamymyzda türkmen bagşy-sazandalaryna berilýän üns güýçlendirildi. Olara goýulýan hormat artdy. Sowet döwründe ady tutulmadyk, hormat-sylag edilmedik bagşylara uly hormat goýulýar. Olara hormatly atlar dakylýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda aýdylmagy ozalky döwürde gadagan edilen dini aýdymlar dikeldilldi. Halk aýdymlary temasy, hili, labyzlylygy taýdan baýlaşýar. Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling