Hojamyrat Goçmyradow


Çykdym güller seýran edip


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet9/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   5   6   7   8   9   10   11   12   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Çykdym güller seýran edip, 
Görmeýen bikarar oldum – 
diýen setirler bilen başlanýan aýdymy aýdýar. 
Türkmen bagşylarynyň halk aýdymlaryny aýtmakdaky özboluşlylygy 
daşary ýurt alymlarynyň-da ünsüni çekipdir. Syýahatçy A. Wamberi 1863-nji 
ýylda Etrek- Gürgende türkmen-aýdym sazlaryny diňleýär. Soňra ol 1874-nji 
ýylda “Orta Aziýa boýunça syýahat” kitabyny neşir etdirýär. A.Wamberi
kitabynda:”Iň ýokary lezzet, haçan-da, bagşy eline iki kirişli dutaryny alyp
Görogludan ýa-da Magtymgulydan aýdym aýdanda, türkmene şondan ýokary 
lezzet ýok ekeni”diýip ýazýar. 
Fransuz alymy Genri de Blokwil, rus alymy W.A.Uspenskiý dagy hem
türkmen aýdym-sazyna uly sarpa goýupdyr. W. A.Uspenskiý Şükür bagşynyň 
“Uçradym” sazyny diňläp gözýaş edipdir-de,”Saz bilen pajygaly waka alyp 
bardyň” diýenmiş. 
Bagşylaryň käbiri diňe tirme aýdymyny aýtmak bilen cäklenmän, 
dessany saza goşup aýtmaga-da türgenleşýär. Şeýdip, halk arasynda
dessançy bagşylar meşhurlyga eýe bolup başlayar. 
Bagşylar rowaýatlary, “Görogly” eposyndan şahalary, dessanlary
ýerine ýetirýär. Dessançy bagşylar eserlerdäki hereket edýan
gahrymanlaryň ahlak aýratynlygyny, olaryň daşky keşbini, içki
duýgularyny dürli hereketler bilen açyp görkezýär. Şol döwürlerde köp
taraply hyzmaty ( bagşy, artist, suratkeş,kompozitor we ş. m.) diňe bir adam
ýerine ýetiripdir. Sebäbi sungatyň häzirki döwürdäki ýaly dürli pudagy
bolmandyr. 


19 
Dessançy bagşylaryň ussatlygy saz öwreniji W.A. Uspenskä güýçli
täsir edýär. Ol: “Gündogar halklarynda teatr ýokdur öýdüp ýördüm.
Teatryň gowsy-ha türkmenlerde bar ekeni” diýip aýdypdyr. 
Daşoguzly Ata bagşy “Görogly” eposyndan aýtmakda özüniň
ussatlygyny görkezýär.Ol eposyň 44 şahasyny bilipdir diýlen maglumat
bar. Ata bagşy ogly Pälwana-da eposdan aýtmagy öwredýär. Ňetijede
Pälwan bagşy eposyň 20 şahasyny aýdypdyr. 
Nazar baga, onuň şägirdi Baýar bagşy “Görogly” eposynyň käbir
şahasyndan başga, “ Şasenem-Garyp”, “Hüýrlukga-Hemra” dessanlaryny-da
saza goşup aýdýar. 
Dessançylygyň ýoly bilen ýöräp, halk içinde uly abraýa eýe bolan
bagşylaryň hataryna Magtymguly Garlyýewi, Palta bagşyny, Bally 
Mätgeldiýewi, Ilaman Annaýewi, Akjagül Myradowany, Mustak
Aýmedowy, Gurt Ýakubowy goşmak bolar. Olar “Görogly”eposynyň käbir
şahasyny, dessanlary saza goşup aýtmakda uly ussatlyk görkezdi. 
Kyssaçylar irki döwürde “Isgendernama”, “Rüstem zal”, “Hezreti Aly” 
eserlerini aýdan bolsalar, soňabaka ozanlaryň sungaty ýüze çykýar.
Ozançylyk sungaty eposlardyr dessanlara aralaşýar. Bu sungat ilkibaşda
“Gorkut ata” eposynyň dörän döwründe ýüze çykypdyr diýlen çaklama
bar. Gorkut ata, Babagammar, Aşyk Aýdyň ozançylyk sungatyny ýerine
ýetirijilerdir. Dessanlaryň bagşy nusgasynda ozançylyga köp üns berilýär. 
Taryhy şahs bolan Abu Sahyt Abulhaýyr (Mäne baba) öz goşgularyny
heňlere salyp aýdýar. Ol sopuçylygyň käbir düzgünini aýdymyň, sazyň, 
tansyň üsti bilen ýerine ýetirýär. 
Şahyrlaryň birnäçesi bagşylaryň gadymdan bäri dowam edip gelýän
sungatyna eýerip, edebi döredijiliginiň ýany bilen aýdym-saz bilenem
meşgullanýar..Olar öz goşgularyny saza goşup, aýdym aýdypdyr. 
Meşhur ozanlaryň arasynda Abdyrahman Jamy, Alyşir Nowaýy dagy
bilen birlikde, türkmen şahyrlary Magrupy, Şabende, Mollanepes, 
Garajaoglan ýaly şahyrlar bar. 
Köp bolmasa-da, aýdym üçin ýörite döredilen (“Ýelpeselendi”(“Nar
agajy”), ”Bibijan”, “Nergyz” we ş.m.) goşgular bar. Awtory näbelli bolan
bu goşgular ýaly wagtynda ýazga geçirilmänsoň, biziň günlerimize gelip
ýetmedikleriniň-de bolmagy mümkin. 
“Ýelpeselendi” örän irki döwürde döredilen aýdymdyr . Ol beýleki
halklara-da giň ýaýraýar. Her halk “Ýelpeselendä” öz sazyny döredip,
dürli hili atlandyrypdyr. Türkmenlerde “Nar agajy” sazy diýilse,
özbeklerde “Isgender han marşy”, Horezmde “Buhara marşy”, Azerbeýjanda 
“Olmaz”, Ermenlerde “Hasrat”, Garagalpakda “Elpeselendi”, Gürjülerde hem
“Gürji heňi” diýlipdir. 
“Ýelpeselendi”(“Nar agajy”) sazy Ewropada Italiýanyň, Gresiýanyň
teatrlarynda ýaňlanýar.”Nar agajy” sazyna dünýä belli kompozitor Glinka hem 


20 
ýüzlenýär. Bu saz “Ruslan we Lýüdmila” operasynda aýallar horunyň
sazynda hem ulanylýar. “Nar agajyny” Isgender Zülkarnaýyn(Aleksandr
Makedonskiý) dabaraly ýörişde çaldyrypdyr diýlen çaklama-da bar. 
Aýdym üçin ýörite döredilen goşgularyň dili ýeňil, çeperçilik
serişdeleri-de durmuşydyr. Şonuň üçin şol hili aýdymlar ýörite ýerine
ýetirijilik ussatlygy-da talap etmeýär. Ony islendik adam heňe salyp
bilýär. 
“Ýelpeselendi”, “Nergiz” goşgularynyň her bendinde bir pursadyň, 
ýagdaýyň teswirlenilýändigine garamazdan, bularda-da esasan yşk-söýgi
şöhlelendirilýär. Söýgi-muhabbet “Bibijan”,”Alaram” ýaly halky goşgulara
has-da mahsus. 
Halk aýdymlarynyň dürli heňlerde, dürli ýollarda aýdylyşy ýaly,
olaryň dürli görnüşleri-de bar. Olaryň hataryna talhynlary, dönem,
ýareýjan, lollujan, kän salamlary, haraý sanawaç aýdymlaryny goşmak
bolar. Bu aýdymlar pikir-duýguny aňlatmakda özboluşlylygy, şiwe
aýratynlygyny saklamak bilen, liriki duýguny, degişme-ýaňsyny, başdan
geçirilýän ahwalaty beýan etmekde özara tapawutlanýar. 
Talhynlarda şeýle diýilýär: 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   5   6   7   8   9   10   11   12   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling