Hojamyrat Goçmyradow


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet17/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Gögüň ýüzi gök çüýşe, 
 
 
 
Dograp düzseler çişe. 
 
 
 
Şonda-da dönmen senden, 
 
 
 
Etme ýarym endişe.
Ýa-da 
 
Kim halanna barmasa, 
Gül ömri, ýaşy ýanar.- 
diýen setirlerde, gyzlar halamadyk adamlaryna berilmegine garşy durupdyr. 
Il-ýurt, Watan hakyndaky, türkmen halkynyň durmuşynda bolup geçen 
wakalara bagyşlanylan läleler-de az däl. Olarda halkyň erkinlik ugrunda alyp 
baran taryhy söweşleri beýan edilýär. Beýik Watançylyk urşunda 
gahrymançylyk temasy has belende galdy: 
Gyzlar, läle kakalyň, 
 
 
 
Gitler için ýakalyň. 
 
 
 
Hem frontlarda, hem tylda, 
 
 
 
Ýeňip üstün çykalyň.
Läleleriň her bir bendinde gutarnykly pikir berilýär. Esasy many köplenç 
soňky iki setirde aňladylýar. Läleleriň her bendi dört setirdir. Her setirem 7-8 
bogundan ybarat. Emma alty ýa-da sekiz setirden döredilen läle bentlerem bar. 
Läleler rubagy görnüşinde döredilip, her bendiň 1-nji,2-nji,4-nji setirleri 
(aaba) kapyýalaşýar. Emma setirleriň aabb, abab, aaab ýa-da aaaa şekilinde 
kapyýalaşýanlaram bar. Läleleriň her bir bentden soň, “lä-lä” bogunlary birnäçe 
gezek gaýtalanýar, heňe getirilip aýdylýar. 
Lälelerde çeperçilik serişdelerinden janlandyrma köp ulanylýar. Tebigat 
hadysalaryna, daglara, derýalara ýüzlenilýär. Salam iberilýär, kömek soralýar: 
Etmekçidim patrak, 


29 
 
 
 
Boldy bary çetrek. 
 
 
 
Ýaryma gowşur meni, 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling