Hersene jan, hersene,
Elim urdum kersene.
Iýdim-içdim doýmadym,
Yene bolsa bersene.
Şu bentde maşgalada garnynyň ugrunda selpäp ýörenler ýazgarylýar.
Monjugatdylarda daýhançylyk temasy-da beýanyny tapýar. Söýülýän
ýigidiň diňe daşky görki däl, eýsem onuň işeňňirligi, ekin ekip, hasyl almaga
ezberligi, umuman zähmetsöýerligi gelin-gyzlaryň ünsüni çekipdir. Işe çulum,
daýhan ýigide söýgi-muhabbetini bagyşlaýandygy bentlerde nygtalýar.
Ýigitler monjugatdy oýnuna känbir gatnaşmaýar. Eger gatnaşaýsalar-da,
başdanaýak gatnaşman, köplenç gapdalyndan syn edip oturýar. Kämahal bolsa
oýna gatnaşyp, öz ykbalyny barlaýar:
Bagyňyzdan bakaýyn,
Galam gaşy kakaýyn.
Seniň syýa zülpüňi,
Tamdyrama dakaýyn.
Ýa-da
Baga girdim yzyňdan,
Gara saçyň dyzyňdan.
Ýakma meni, gara göz,
Öldüm seniň näziňden.
Oýunda bagtyna şeýle bentler çykaýsa welin, ýigitleriň begenjiniň çägi
bolmaýar.
Monjugatdylaryň dili örän sada we çeper. Bentlerde setirleriň sazlaşygy,
many-mazmun çüňlügi saklanylýar.Olar düzülişi taýdan lälelere meňzeş.
Bentler rubagy formasynda düzülýär.Ýagny, 1-nji, 2-nji, 4-nji setirler özara
kapyýalaşyp, 3-nji setir kapyýalaşmaýar. Bogun jähtinde-de monjugatdylar
läleler ýaly ýedi, ýek-ýarymy sekiz bogundan ybarat. Kähalat on bir bogundan
ybarat monjugatdy bendine hem duşmak bolýar. Emma şeýle bent monjugatdy
üçin mahsus görnüş däldir.
Monjugatdylar känbir ösmeýan žanr.Emma şeýle-de bolsa,olar obrazlar,
peýzaž baýlygy, diliniň ýönekeýden ýitiligi bilen hem tapawutlanýar.
Türkmen
monjugatdy
bentleriniň
türki
halklaryň
(meselem,
azerbaýjanlylaryň dessur aýdymyna) monjugatdy bentlerine meňzeşleri bar.
Munuň özi türki halklaryň taryhy gelip çykyşy, dil, däp-dessur, durmuş-
ykdysady, medeni taỳdan ýakynlygyny aňladýar.
Monjugatdy bentleriniň ýygyndysy 1948-nji ýylda neşir edildi.
Garaşsyz hem baky Bitarap ýurdumyzda edebi mirasymyz, şol sanda
monjugatdylar hem dolulygyna
öwrenilýär hem-de olaryň temasy
baýlaşdyrylýar. Çeper höwesjeňleriň aýdym-saz folklorynda ýerine ýetirilýär.
Do'stlaringiz bilan baham: |