Däli derýa Etrek.
Türkmen läleleriniň ýörite ýygyndylary 1941-nji hem-de 1960-njy ýyllarda
neşir edildi.
Ýurt Garaşsyzlyga eýe bolansoň, dikeldilen milli toý-baýramlarymyz,
täze dörän däp-dessurlarymyz läleleriň temasyny baýlaşdyrdy, gerimini
giňeltdi. Garaşsyzlyga, Bitaraplyga, ýurduň özgerişine, milli baýramçylyklara
bagyşlanylan läleleriň sanawy artýar.
Monjugatdylar
.
Monjugatdylar – halk döredijiliginiň şahyrana žanrlarynyň biri. Olar
köplenç bahar aýlarynda, esasan-da Nowruzda – ýyl çalşygynda gelin-gyzlar
tarapyndan döredilýän hem-de ýerine ýetirilýän yşky-söýgi häsiýetli bentlerdir.
Monjugatdy – gelin-gyzlaryň öz bagtlaryny synamak üçin oýnaýan sanawaçly
oýny. Monjugatdylar ýylyň belli bir paslynda aýdylany üçin oňa kalendar
aýdymy hem diýilýär. Kalendar aýdymy köplenç Nowruz baýramçylygynda
(Mart aýynyň 21-inde) ýerine ýetirilýär.
Monjugatdylar gelin-gyzlaryň gadymy oýunlarynyň biri. Monjuk atyşma
däbi ýaşlaryň arasynda gadymdan bäri dowam edip gelipdir. Oňa köpçülik
bolnup gatnaşylýar. Monjugatdylary aýtmak, oýnamak bilen gelin-gyzlar öz
ykbalyny aňşyrmak isläpdir.
Monjugatdylary oýnamak üçin gelin-gyzlar ilkagşamdan bir öýe
ýygnanýar. Oňa kämahallar oglanlar hem gatnaşýar. Oýun oýnalanda bir gaba
suw guýlup, oňa her kim öz monjugyny atýar. Ýygnanyşanlaryň arasyndan
ekabyrragy, monjugatda ökdesi goşgy bendini sanaýar. Oýun şeýle setirler bilen
başlanýar:
Geliň, gyzlar, üýşeliň,
Bagtymyzdan diýşeliň.
Ol barýan ýigit kimkä?
Ýagşy-ýaman gülşeliň!
Oýna taýýarlyk işleri görlensoň, dilewar aýallaryň ýa-da gyzlaryň biri
monjugatdy bendini sanaýar we her bentden soň, monjuk çykarýan çaga:
“Çykar, monjugy” diýip ýüzlenýär. Monjuk çykarylansoň, onuň kimiň
monjugydygy kesgitlenýär we bent şoňa degişli edilýär. Bendiň mazmunyna
görä, monjuk eýesine dürli ýomaklar atylyp gülşülýär.
Monjugatdylaryň ýüze çykmagy ýaşlaryň durmuşy, arzuw-islegi bilen
bagly. Monjuk atyşyp, gyzlar nähili ýigide durmuşa çykjakdygyna, gaýtarmalar
ykbalynyň nähili boljakdygyna synanyşyk edipdir. Gelin-gyzlar monjugatda
Nowruz gijesinde bije hökmünde garapdyr, oňa şeýle seslenipdir:
30
Do'stlaringiz bilan baham: |