Işlän: Arzuw Ýegenmuradow Düýp sözleriň ýazuw düzgüni


Download 26.85 Kb.
bet1/5
Sana07.03.2023
Hajmi26.85 Kb.
#1247475
  1   2   3   4   5
Bog'liq
Düýp sözleriň we goşulmalaryň ýazuw düzgüni

Işlän: Arzuw Ýegenmuradow





Düýp sözleriň ýazuw düzgüni


Düýp sözleriň ýazuw düzgünini gowy özleşdirmek üçin ilki bilen düýp söz diýip nämä aýdylýandygyny, onuň asyl sözden tapawudyny, sözden düýp sözi tapmagyň ýollaryny bilmeli bolýar.
Düýp söz. Asyl we ýasama sözleriň soňuna üýtgediji goşulmalar goşulanda, üýtgemeýän böleginiň hemmesine düýp söz diýilýär. Meselem: Or, orakçy, balyk, balykçylyk, süz, süzgüç, okuw, okuwçy, iş, işçi, dur, duralga, Dursun we ş.m.
Düýp sözlere türkmen diliniň ähli leksiki sostawy girýär. Sözlüklerde sözüň düýp görnüşi ýazylýar. Asyl sözüň böleklere bölünmegi mümkin däl, emma düýp sözüň birnäçe ýagdaýlarda ýasaýjy goşulmalarynyň böleklere bölünmegi hem mümkin. Çünki oňa ýasama sözler hem girýärler. Düýp söz asyl sözden (iş) we ýasama sözden (-or-/-ak) bolup biler. Düýp sözler gurluşy boýunça iki hili bolýar: asyl düýp sözler, ýasama düýp sözler.Söz ýasaýjy goşulmasy bolmadyk sada söze asyl düýp söz diýilýär.Meselem: al,otur, ak, ir.
Söz ýasaýjy goşulma arkaly ýasalan sada we goşma sözlere ýasama düýp söz diýilýär
Eger-de sözler sözlemde asyl görnüşinde gelseler, onda şol erde olaryň düýp sözi bilen asyl sözi bir bolýar. Düýp sözüň çygry asyl söze ýa-da ýasama söze garanda has giňdir we her taraplydyr, çünki ähli asyl we ýasama sözler hem-de ýasamadan ýasalan ýasama sözler düýp sözleriň sostawyna girýär.
Düýp sözler türkmen dilinde aşakdaky ýaly kadalara eýerdilip ýazylýarlar.
1. Ilki bogny açyk we çekimlileri gysga aýdylýan, soňy z, l, n, r, ş seslerine gutarýan iki bogunly düýp sözleriň soňuna çekimli sesler bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, ikinji bogundaky gysga aýdylýan dar çekimliler özlerinden öň z, d seslerinden başga açyk çekimsiz ses gelende, düşürilip ýazylmalydyr.
Meselem: agyz-agzy, ogul-ogly, bogun-bogny, görün-görner, bagyr-bagry, towus-towsar, uruş-urşar, köwüş-köwşi.
a) вellik: Asyl, pasyl, nesil, ylym ýaly sözler bu kadadan çykarylyp, asly, pasly, nesli, ylmy kimin ýazylýar.
b) ikinji bogundaky dar çekimlisi düşürilýän sözler goşma sözleriň düzüminde gelende, dar çekimliler üçünji we dördünji bogunda gelseler-de düşürilýär.
Meselem: baggoýun-baggoýny, kyrkbogun-kyrkbogny.
ç) dar çekimlisi düşürilip ýazylýan sözleriň öňünden goşulma (prefiks) goşulyp, olar üç bogunly sözlere öwrülseler-de, dar çekimliler düşürilip ýazylýar.
Meselem: Nätanyş-nätanşy, betnebis-betnebsi.
2. Aňry, bäri, ýokary, ileri ýaly tarap görkezýän sözlere d, k, l, r, s sesleri bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, olaryň soňundaky dar çekimliler düşürilip ýazylýar.
Meselem: aňry-aňyrda, aňyrky; bäri-bärde, bärki, bärsi; ýokary- ýokarsy, ýokarrak; ileri-ilerlemek, ilerki.
Bellik: Aňry sözüniň soňuna ýokarky sesler bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, r we y sesleri öz orunlaryny çalşyrýarlar.
Meselem: aňry-aňyrda, aňyrky, aňyrsy, aňyrrak, aňyrlygyna.
Soňy dar çekimli ses bilen gutarýan sözlere giň çekimliler bilen başlanýan işlik ýasaýjy goşulmalar goşulanda, söz soňundaky dar çekimli düşürilip ýazylýar.
Meselem: sary-saralmak, küti-kütelmek, çüri-çürelmek, ýiti-ýitelmek, mawy-mawarmak, garry-garramak, porsy-porsamak, süýji-süýjemek, turşy-turşamak.
Guzy, uky, dury ýaly sözlere işlik ýasaýjy -la, -le goşulmasy goşulanda, söz soňundaky dar çekimli ( y, i ) düşürilip ýazylýar.
Meselem: guzy-guzlamak, uky-uklamak, dury-durlamak.
3. –ýyş,-ýiş arkaly ýasalan sözleriň soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, -ýyş, -ýiş goşulmasynyň, y, i sesleri düşürilip ýazylýar.
Meselem: okaýyş-okaýşy, ýaşaýyş-ýaşaýşy, sözleýiş-sözleýşi.
4. K sesine gutarýan köp bogunla sözleriň soňuna –jyk,-jik, -jak, -jek goşulmalary goşulanda, söz soňundaky k sesi düşürilip ýazylýar.
Meselem: taýak-taýajyk, köýnek-köýnejik; oýluk-oýlujak, ilik-ilijek, bölek-bölejik.
5. Düýp sözüň ortasynda eşidilýän we her biri aýry bogna degişli bolan ýanaşyk gelen iki dymyk sesiň soňkusyny açyga öwrüp ýazmaly.
Meselem: tapbat, hatda, depder, keçje, çakgy, çakgan, işdä, mekdep, serişde.
Bellik: madda, maddy, mukaddes sözleri bu kada girmeýär.
6. Söz ortasynda ýanaşyk gelýän st, mb, ňg sesleriniň düýp sözlerde assimilleşdirilen wariantyny ss, mm, ňň ýazmaly.
Meselem: hassa, ussa, tümmek, lemmer, gaňňa, işeňňir.

Download 26.85 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
  1   2   3   4   5




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling