Işlän: Arzuw Ýegenmuradow Düýp sözleriň ýazuw düzgüni
Download 26.85 Kb.
|
Düýp sözleriň we goşulmalaryň ýazuw düzgüni
11. –a, -e, -la, -le, -ma, -me bilen gutaran işliklere –ýar, -ýär goşulanda, işlikleriň soňundaky –a, -e sesleri dar çekimlilere öwrülip geplense-de, -a, -e giň çekimlileri ýazylýar.
Meselem: ýaşyýar däl, ýaşaýar; dişiýär däl, dişeýär; barlyýar däl, barlaýar; gözlüýär däl, gözleýär; ýatmyýar däl, ýatmaýar; görmüýär däl, görmeýär. 12. –dyr,-dir kem işligi goşulan sözler ýöňkeme bilen üýtgände, ikinji ýöňkemäniň birlik we köplük sanlarynda –dyr,-dir kem işligi düşürilip hem geplenýär, ýazuwda olaryň iki hili ulanylyşyny-da ýol berilýär. Meselem: akyllydyrsyň we akyllysyň, akyllydyrsyňyz we akyllysyňyz; ökdedirsiň we ökdesiň, ökdedirsiňiz we ökdesiňiz. 13. –myş,-miş kem işligi goşulan sözler ýöňkeme bilen üýtgände, ikinji ýöňkemäniň köplüginde kä -yk, -ik käte bolsa –ymyz, -imiz goşulýar. Munuň iki wariantynyň-da ýazylmagyna ýol berilýär. Meselem: alanmyşyk we alanmyşymyz; görenmişik we görenmişimiz. 14. –my,-mi sorag goşulmasy –dy,-di,-dyr,-dir kem işliklerinden öň hem, soň hem goşulyp bilýär. Ýazuwda munuň iki hili ulanylyşyna hem ýol berilýär. Meselem: oglandymy we oglanmydy; görüpdimi we görüpmidi; okuwçydyrmy we okuwçymydyr. 15. Işlikleriň häzirki zamanyna goşulýan -my, -mi goşulmasy ikinji ýöňkemäniň birlik we köplük sanlarynda ýöňkeme goşulmasyndan öň hem, soň hem gelip bilýär. Ýazuwda munuň iki hili ulanylyşyna hem ýol berilýär. Meselem: başarýarmysyň we başarýarsyňmy, başarýarmysyňyz we başarýarsyňyzmy; görýärmisiň we görýärsiňmi, görýärmisiňiz we görýärsiňizmi. 16.Tertip sanlar arap sifrleri bilen görkezilende, sandan soň defis goýlup, -njy, -nji goşulýar. Meselem: 6-njy, 9-njy, 3-nji, 10-njy. Download 26.85 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling