Işlän: Arzuw Ýegenmuradow Düýp sözleriň ýazuw düzgüni
Download 26.85 Kb.
|
Düýp sözleriň we goşulmalaryň ýazuw düzgüni
Üýtgediji goşulmalar. Sözlere goşulyp, goşulan sözlerini sözlemdäki beýleki sözler bilen baglanyşdyrmaga hyzmat edýän goşulmalara üýtgediji goşulmalar diýilýär.Bulara düşüm, ýöňkeme, köplük san goşulmalary degişlidir. Meselem: Kitap,kitabyň ,kitaba, kitabym,kitabyň we ş.m.
Häzirki zaman türkmen dilinde goşulmalar aşakdaky ýaly dürs ýazuw kadalary esasynda ýazylýarlar. 1.Goşulmalar özlerine degişli sözlerine goşulyp ýazylýar. Meselem: Merediň, Durdynyň, oturgyç, kitap, öýde, meýdandan, agaçlar, ýazdyk. Bellik: 1) basymy özlerine geçirmeýän –da, -de, -dä, -a,-ä, -ha, -hä, -la, -le kimin goşulmalar bu kadadan çykarylyp, degişli sözleri bilen aralaryna defis goýlup ýazylýarlar. Meselem: aldy-da, geldi-de, Amandyr-da, Gözel-ä, ol-a, Berdi-hä, aldy-la, okady-la. Çekimli ses bilen gutarýan sözlere basymy özüne geçirmeýän –ha, -hä, çekimsiz ses bilen gutarýan sözlere bolsa -a, -ä goşulmasy goşulýar: Durdy-ha, aýy-ha, ene-hä, geçi-hä, Oraz-a, Myrad-a, Gözel-ä, eleg-ä. Gepleşikde çekimli ses bilen gutarýan sözlere-de –a,-e goşulmasynyň goşulyşy duş gelýär. 2) sözleriň ilki sesinden düzülen gysgaldylan goşma sözler bilen goşulmasyň arysyna defis goýlup ýazylýar. Meselem: TDU-nyň, BMG-niň, ÖDP-niň. Bellik: Şu hili sözlere goşulma goşulanda, gysgaldylan sözüň sostawynda çekimli ses bolsa, çekimlä, eger çekimli ses bolmasa, soňky çekimsiziň adynyň aýdylyşyna eýerdilýär. 2. Goşulmalar palatal (inçelik-ýogynlyk) singarmonizm kadasyna boýun egdirilip ýazylýarlar. Meselem: obadan, öýümizde, almaly, erikli, taryhy, syýasy, ylmy, synpy. Aşyky, Pyragy ýaly sözler-de şu kada esasynda ýazylýarlar. Aşakdaky goşulmalarda bu kada saklanmaýar: -ana,-baz,-ban,-wan,-waç,-gir,-gär,-dan,-dar,-jagaz,-zada,-zar,-keş,-kär,-maç,-nama,-paraz,-pez,-hana,-hor, -stan, bi-, bed,-nä-. 3. Sözleriň öňünden gelip, täze manyly söz ýasaýan kä aşakdaky sözler bilen gelende, goşulyp ýazylýar: käwagt, kämahal, kägün, käbir, käýerde, käýarym. Bellik: Kä baglaýjy kömekçi goşulmasy bolup gelende, ol aýry ýazylýar. Meselem: Kä bulut gelýär, kä gün çykýar. 4. Garyşyk bogunly sözlere goşulma goşulanda, goşulmany sözüň söňky bognunyň çekimlisine eýerdip ýazmaly. Meselem: meýdanyň, yzygiderli, Meredowadan. 5. Aşakdaky goşulmalar nähili sözlere goşulsalar-da we sözüň haýsy bognunda gelseler-de, ýazuwda dodaklandyrylyp ýazylýarlar: -wuk (şarlawuk, sandyrawuk), -wük (jürlewük), -ewünt (düşewünt), -uw (ýazuw), -üw (berüw), -sow (damaksow), -söw (çägesöw), -hor (parahor), -hon (kitaphon). 6. Türkmen diline rus diliniň üsti bilen giren sözleriň soňy ý (ь) bilen gutarýan bolsalar, olara goşulma goşulanda, ý(ь) (Täze elipbiýimizde ýumşaklyk belgisi ýok.) düşürilip ýazylýar. Meselem:Gorkiý- Gorkiniň ýanwar-ýanwardan, fewral-fewraldan. Bellik: muzeý, liseý, maý … ýaly sözler bu kadadan çykarylýar. 7. Kino, palto ýaly sözlere soňy çekimli ses bilen gutarýan sözlere goşulýan goşulmalar goşulýar. Emma ýöneliş düşüm diňe o sesiniň uzyn aýdylmagy bilen bildirilýär. Meselem: Men kino gitjek. 8. Soňy z, l, n, s seslerine gutarýan sözlere d bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, d sesi söz soňundaky seslere öwrülip geplense-de, ýazuwda ol öwrülmän ýazylýar. Meselem: bizze däl, bizde; ally däl, aldy; ýollaş däl, ýoldaş; mennen däl, menden; Nepessen däl, Nepesden. 9. Bi- prefiksi çekimli ses bilen başlanýan sözlere goşulanda, goşulma bilen sözüň arasynda ý sesi eşidilse-de, ýazuwda ol sözleriň asyl görnüşi saklanylýar. Meselem: biýagyry däl biagyry; biýedep däl, biedep. 10. Käbir dar çekimlilere başlanýan goşulmalaryň ilki sesi düşürilip geplense-de, ýazuwda olar düşürilmän ýazylýar. Meselem: golaýmyz däl, golaýymyz; baglarňyz däl, baglaryňyz; ýorganlarňy däl, ýorganlaryňy; ýorganlarny däl, ýorganlaryny. Download 26.85 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling