Hojamyrat Goçmyradow


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet22/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   18   19   20   21   22   23   24   25   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Allaý-allaý allançak, 
Akar suwlar bulançak. 
Altmyş başly ak öýüň, 
Gelişigi sallançak- 
diýlip, hüwdüleriň ähmiýetine uly üns berilýär. 
Hüwdi örän irki döwürde – Oguz han döwründe dörändir diýlip 
çaklanylýar. Onuň döreýiş taryhy- adamzat taryhynyň uzynlygyna bara-bardyr. 
Çagany kimiň hüwdüleýandigini onuň mazmunyndan aňlap bolýar. 
Hüwdüleriň köpüsinde ulaltma (giperbola), meňzetme (metafora) ulanylýar. 


33 
Bendiň soňunda “Huwwa-huw”, “Huwwa, balam”, “Huwwa, jigim”, “Hüwdi-
hüw” ýaly sözler gaýtalanýar. 
Çagany hüwdülemegiň esasy maksady ony mähire ýugrulan mylaýym, 
ýakymly owazyň täsiri bilen meýmiredip, rahat uklatmakdan ybarat. Sözlerine 
çaganyň düşünýändigine ýa-da düşünmeýändigine garamazdan, hüwdüleriň 
çaga terbiýesiniň belli-belli taraplaryna gönükdirilmegi, olarda gowy gylyk-
häsiýetleriň teswirlenmegi uly ähmiýete eýedir. 
Hüwdüleriň ýaş nesilde zähmet endigini, Watana bolan söýgüni, 
batyrlygy, gahrymançylygy terbiýelemekde hyzmaty uly. Çaga hüwdülenende 
onuň töweregindäki ýaşlara-da täsir edýär. 
Hüwdüler temalary taýyndan çäklidir. Köplenç ejäniň öz çagasyna, enäniň 
öz agtygyna, gyzyň öz jigisine bolan arzuw-islegleri berilýär. Aýdylyşyna hem 
aňladýan mazmunyna esaslanyp, hüwdüleri esasan iki topara bölmek mümkin: 
1.Çagany uklatmak maksady bilen sallançak ýanynda aýdylýan bentler. 
2.Çagany söýmek, ony güýmemek maksady bilen aýdylýan bentler. 
Hüwdüleriň sallançak ýanynda aýdylýan bentleri köplenç çagany 
ýatyrmak maksady bilen aýdylýar: 
Allaý-allasy geler, 
Ýatsa ukusy geler, 
Uzak-uzak ýollardan, 
Daýza-daýysy geler. 
Huwwa-huw. 
Çagany hüwdüleýän adamyň kimdigine görä, olaryň ýerine ýetirilişi 
dürli-dürlüdir. Eger çagany ejesi hüwdüleýän bolsa, “ballym”, “guzym” sözleri 
köp ulanylýar. Enesi ýa-da mamasy hüwdülese, bendiň iň soňky setirinde: 
“hüwdülesin enesi”, “hüwdülesin mamasy” diýlen sözler ulanylýar, olaryň 
mazmunynda hem üýtgeşikler bolýar. 
Gyzlar jigilerini hüwdülände, bentleriň mazmuny ejesiniňkiden, 
enesiniňkiden, mamasynyňkydan biraz tapawutlanýar. Bendiň soňunda hem 
“jigim” diýen sözler getirilýär: 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   18   19   20   21   22   23   24   25   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling