Mekdebi: Wagty


Download 291.51 Kb.
bet17/18
Sana11.09.2023
Hajmi291.51 Kb.
#1675611
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   18
Bog'liq
10 Informatika(6y)-I

4. Täze temany düşündirmek:
Temany düşündirmegiň meýilnamasy:
1. Animasiýanyň görnüşleri.
2. Informasiýalary işlemegiň kompýuter tehnologiýalaryna we usullaryna gyzyklanmany kemala getirmek we ösdürmek.
3. Akylýetirijilik, intellektual we döredijilik ukyplaryny ösdürmek.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:
- Kompýuterde modelleşdirmegi;
– Çyzykly, şahalanma we gaýtalanma algoritmik gurluşlary;
- Operasion sistemany we onuň işini.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:
- Aýratynlykda we toparlaýyn işlemegi;
– Obýektleriň we işleriň taýýar modellerini peýdalanmagy;
- Kompýuter tehnologiýalaryndan gündelik durmuşda peýdalanmagy.


Animasiýanyň görnüşleri.
Animasiýa (animare latyn sözi bolup, «janlandyrmak» diýen manyny berýär) gozganmaýan obýektiň «janlandyrylmagy» ýa-da formasyny üýtgetmegidir.
Aýratyn görnüşleri kadrlaýyn surata düşürmek arkaly döredilýän sungat eserlerini hem animasiýa diýip atlandyrmak bolar.
«Animasiýa» adalgasyndan başga «multiplikasiýa» (multiplication latynça artma, köpelme diýen manyny berýär) adalgasy hem giňden ulanylýar.
Kadrlar – obýektleriň ýa-da olaryň bölekleriniň hereketleriniň yzygiderlikde çekilen ýa-da surata düşürilen şekilleridir.
Kadrlaryň yzygiderligine seredilende şekil hereket edýär «janlanýar». Obýektleriň formasynyň we ýerleşme ýagdaýynyň birsydyrgyn (akgynly) üýtgeýän effektlerini almak üçin adamyň kabul ediş ukyby nazara alynsa, onda bir sekuntda 12–16 kadr geçmelidir.
Kinoda sekuntda 24 kadr, telewideniýede bolsa 25 ýa-da 30 kadr ýygylygy ulanylýar.
Animasiýa kinematografiýa oýlanyp tapylmazdan öň ýüze çykypdyr.
XIX asyrda belgiýaly alym Jozef Plato we beýleki alymlar ekranda hereketlenýän şekilleri görkezýän sistemany oýlap tapypdyrlar.
Kompýuter animasiýasynda diňe käbir daýanç kadrlarynyň suratlary çekilýär. Olar esasy (açar) kadrlardyr, aralyk kadrlary bolsa kompýuter programmasy bilen döredilýär.
Häzirki döwürde animasiýalary döretmegiň tehnologiýasynyň aşakdaky ýaly dürli görnüşleri ulanylýar:
nusgawy – aýratyn çekilen suratlaryň yzygiderli çalşyrylmagy;
stop – kadr animasiýasy. Giňişlikde ýerleşdirilen suratlar kadr hökmünde bellenýär we olaryň ýerleri üýtgedilýär,
soňra ýene-de olar kadr hökmünde bellenýär;
morfing – berlen aralyk kadrlaryň sanyna görä bir obýektiň beýleki obýekte akgynly özgerdilmegi;
3D – animasiýa ýörite programmalaryň (3D Studio MAX) kömegi bilen döredilýär;
herekete eýe bolmak – animasiýanyň ilkinji ugry tebigy-hakyky hereketi almaga mümkinçilik berýär. Herekete girizmek we sifrleşdirmek üçin aktýora datçikler berkidilýär.

Download 291.51 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   18




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling