Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet32/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   28   29   30   31   32   33   34   35   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

nji gönükme. Aşakdaky böleklerde galdyrylan söz- leri manylaryna görä ýerine goýup, tutuşlygyna depderiňize göçüriň, goşma habarlaryň aşagyny çyzyň, olary düşündiriň.

1. Ikisiňiň hem ýüzi … boldy. 2. Kakasynyň beren mas- lahaty onuň ýüregine … boldy. 3. «Gözel» geçen ýyl res- publikan ýaryşda … gazanypdy. 4. Artyk gozgalaňçylara bakan … goýdy. (B.K., «A.ä»). 5. Gaýgysyz ep-esli oýlap, sowan çaýyny owurtlandan soň, dostuna … berdi. 6. Ar- zuwly güne ýetilýänçä, halkyň söýgüli ogullary … bolýar. (B.K., «G.A»). 7. Şoňa görä adamlaryň başynda şeýle so- wal … geldi. 8. «Bagşy şu diýlenleriň haýsy birini … ederkä?».
Degişli ýerine goýmak üçin sözler: Çym gyzyl, jüňk, birinjilik, at, sowal, gurban, hasyl, emele, kabul, makul.

  1. njy gönükme. Aşakdaky teksti depderiňize göçürip, sada habaryň aşagyna bir çyzyk, goşma habarlaryň aşagyna iki çyzyk çyzyň.

1. Elmydama bir meňzeş nahar iýip ýörmeklik ada- myny irizýär, onuň işdäsi peselýär we naharyň siňmegi haýallaýar. Diýmek, adam özüniň gündelik iýýän iýmitiniň dürli-dürli bolmagy ugrunda aladalanmalydyr. Dürli-dürli iýmitlerden taýýarlanan nahar işdäňi açýar, gowy siňýär we ýokumly bolýar. 2. Yzly-yzyna nahar wagtyny geçi- rip ýormeklik adamyny ýalta edýär, ýatkeşligini peseldýär. Nahary howlukman, rahat oturyp iýmeli, munuň özi «işdä şiresiniň» köp emele gelmegine we naharyň siňňitli bol- magyna kömek edýär.


§ 16. HABARYŇ DÜRLI SÖZ TOPARLARYNDAN BOLŞY


Sözlemlerizň habarlary dürli söz toparlaryndan bolup bilýär:

  1. Atlardan: Bazar – ökde suratçy.

  2. Sypatlardan: Bal süýji, baldan bala süýji.

  3. Sanlardan: Altyn we kümüş medallara mynasyp bo- lanlar dörtdür.

  4. Çalyşmalardan: Mekdebiň müdiri sizmi? Gowy işlänler – biz.

  5. Bar, ýok, az, köp ýaly sözlerden: Bizde bilimli okuwçylar köp. Seniň bilýän zadyň barmy?

  6. Habarlyk goşulmalaryny kabul eden sözlerden: Bir gapdalda jeňňellik, bir gapdalda derýamyş. Barjak ýerimiz baglykmyş.

  1. njy gönükme. Sözlemleriň habarlaryny tapyň. Göçüriň. Habar bolup gelen sözleriň aşagyny çyzyň we haýsy söz to- paryna degişlidigini üstlerinden ýazyň.

  1. Leb ýakadyr, Ab-da suw. Amyderýaň

Boýy bu (R. Seýidow).

  1. Ozal akan ýerden akarmyş aryk,

Özün öwen ýigidiň tanapy çüýrük. (Magtymguly).

  1. Adama kesel agzyndan girer, bela agzyndan çykar. (A.Durdyýew «Ýa pelek»).

  2. Biziň synpymyzda okuwçylaryň sany otuz.

  3. Aý süýt ýaly aýdyň, bu gün on dördi. (A.Kekilow).

  4. Bahyl – diňe özi iýer.

Husyt – özem iýmez, ile-de iýdirmez. (A.Durdyýew «Ýa pelek»).

  1. Ol zehinli okuwçydyr.

  2. Özbegistan – meniň Watanym.





  1. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   28   29   30   31   32   33   34   35   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling