Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet34/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   30   31   32   33   34   35   36   37   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

nji gönükme. Habary dürli söz toparyndan getirip, özüňizden bäş sany sözlem düzüň we depderiňize göçüriň. Habaryň haýsy söz toparyndan ýasalandygyny aýdyň.

  • Dursun, sen näme üçin geldiň(?)5

  • Seni alyp gitmek üçin.

  • Men nä ýüz bilen baraýyn, men ömürlik maýyp (…)5 men (…)5

  • Diýme şu sözi. Men ýörite3 şonuň üçin yzyňdan çykdym, bütin Daşkente sorag salyp, seni tapmadym. Seniň üçin, meniň ar(-)5namysym üçin, iliň üçin, ýurduň üçin aýaksyz galdyň, şol sebäpli hem men seni öňk..den iki esse artyk söýýärin.

ýörite mümkin bütin gündiz


§ 17. EÝE BILEN HABARYŇ YLALAŞYGY


Eýe bilen habar, esasan, sanda we ýöňkemede ylalaşýar. Eýe bolup gelen söz haýsy sanda we ýöňkemede gelse, ha- bar hem şol sanda we ýöňkemede gelip, baş agzalar özara ylalaşýar.
Meselem:
Men ir bilen geldim.
Bu sözlemiň eýesiniň menlik ýöňkemäniň birligi- ni aňladýan men söz bolany sebäpli, onuň habary-da şol ýöňkemäniň birlik sanynda gelipdir, ýagny eýe we habar sanda hem-de ýöňkemede ylalaşypdyrlar.
Käbir sözlemde eýe bilen habar diňe sanda ylalaşýar. Meselem:
Okuwçylar pökgi oýnaýarlar.

Eýe bilen habaryň sanda ylalaşmasy olluk ýöňkemede berk däldir, ýagny olar sanda ylalaşman hem bilerler.


Meselem:
Bizde meşhur türkmen halylary öňdürilýär.
Habar işligiň mälim geljek zamanyndan ýa-da işligiň hökmanlyk şekilinden bolanda hem ol eýe bilen sanda we ýöňkemede ylalaşmaýar.
Meselem:
Men (biz)
Sen (siz) aljak (almaly) Ol (olar)
Habar sypatlardan, bar, ýok, az, köp ýaly sözlerden bolanda-da sözlemiň eýesi bilen sanda ylalaşman biler.
Meselem:
Okuwçylaryň hasyl ýygymynda zähmet çekişle- ri göwnejaý. Siziň obaňyzda pälwanlar köp. Zalda dürli ýurtlardan gelen wekiller bar.


  1. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   30   31   32   33   34   35   36   37   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling