nji gönükme. Habary dürli söz toparyndan getirip, özüňizden bäş sany sözlem düzüň we depderiňize göçüriň. Habaryň haýsy söz toparyndan ýasalandygyny aýdyň.
Dursun, sen näme üçin geldiň(?)5
Seni alyp gitmek üçin.
Men nä ýüz bilen baraýyn, men ömürlik maýyp (…)5 men (…)5
Diýme şu sözi. Men ýörite3 şonuň üçin yzyňdan çykdym, bütin Daşkente sorag salyp, seni tapmadym. Seniň üçin, meniň ar(-)5namysym üçin, iliň üçin, ýurduň üçin aýaksyz galdyň, şol sebäpli hem men seni öňk..den iki esse artyk söýýärin.
ýörite mümkin bütin gündiz
§ 17. EÝE BILEN HABARYŇ YLALAŞYGY
Eýe bilen habar, esasan, sanda we ýöňkemede ylalaşýar. Eýe bolup gelen söz haýsy sanda we ýöňkemede gelse, ha- bar hem şol sanda we ýöňkemede gelip, baş agzalar özara ylalaşýar.
Meselem:
Men ir bilen geldim.
Bu sözlemiň eýesiniň menlik ýöňkemäniň birligi- ni aňladýan men söz bolany sebäpli, onuň habary-da şol ýöňkemäniň birlik sanynda gelipdir, ýagny eýe we habar sanda hem-de ýöňkemede ylalaşypdyrlar.
Käbir sözlemde eýe bilen habar diňe sanda ylalaşýar. Meselem:
Okuwçylar pökgi oýnaýarlar.
Eýe bilen habaryň sanda ylalaşmasy olluk ýöňkemede berk däldir, ýagny olar sanda ylalaşman hem bilerler.
Meselem:
Bizde meşhur türkmen halylary öňdürilýär.
Habar işligiň mälim geljek zamanyndan ýa-da işligiň hökmanlyk şekilinden bolanda hem ol eýe bilen sanda we ýöňkemede ylalaşmaýar.
Meselem:
Men (biz)
Sen (siz) aljak (almaly) Ol (olar)
Habar sypatlardan, bar, ýok, az, köp ýaly sözlerden bolanda-da sözlemiň eýesi bilen sanda ylalaşman biler.
Meselem:
Okuwçylaryň hasyl ýygymynda zähmet çekişle- ri göwnejaý. Siziň obaňyzda pälwanlar köp. Zalda dürli ýurtlardan gelen wekiller bar.
Do'stlaringiz bilan baham: |