Turkm dili-7 2017. indd


§ 21. DEGIŞLILIK AÝYRGYJY


Download 438.92 Kb.
bet42/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   38   39   40   41   42   43   44   45   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

§ 21. DEGIŞLILIK AÝYRGYJY


▲ Degişlilik aýyrgyjy kimiň?, nämäniň?, niräniň?, haýsy? diýen soraglara jogap bolup, sözlemiň atlardan bo- lan we at şekilinde gelen agzalaryna baglanýar. Olar many taýdan bir zadyň kimiňki ýa nämäniňkidigini, kime, nämä degişlidigini, gymyldynyň hem kime, nämä dahyllydygyny görkezýär. Degişlilik aýyrgyjy eýelik düşümdäki sözler- den bolup, olar tarapyndan aýyklanýan söz bolsa olluk ýöňkemede bolmalydyr.
Meselem:

  1. Artygyň (kimiň?) gözi (olluk ýöňkemede) ýoldady. (B. Kerbabaýew).

  2. Sygryň (nämäniň?) şahyna (olluk ýöňkemede) ursaň endamy syzlar. (Nakyl).

  3. Ýurdumyzyň (niräniň?) gözel tebigatyny söýýärin.

  4. Kürresi elinden gitse eşegiň,

Telmuryp dört ýana gözlär uşagyn. (Magtymguly).
Aýyklanýan sözleriň many taýdan aýyrgyçlara degişli- digi üçin, bu aýyrgyja degişlilik aýyrgyjy diýilýär.
Ýokardaky sözlemde gözi, şahyna, tebigatyny, kürresi sözleri many taýdan Artygyň, sygryň, ýurdumyzyň, eşegiň diýen aýyrgyçlara degişlidirler.
Baglanýan sözüni aýyklap gelen söz eýelik düşüminiň goşulmasyz şekilinde gelende hem degişlilik aýyrgyjy ha- sap edilmelidir.
Meselem:
Ýakymly aýdym sesi göwünleri göterýärdi. (Žurnaldan).



  1. njy gönükme. Degişlilik aýyrgyçlaryny tapyň. Olaryň baglanýan sözleriniň manylaryny aýyklap gelişlerini düşündiriň, jogap bolýan soraglaryny aýdyň.

Ker adama salam berseň eşitdirmeli ýa-da jogabyny özüň aýtmaly. Eger salam hatynda «Essalam aleýkim!» ýazylan bolsa, «Waleýkim essalam» diýip, ondan soň haty okap başlamaly. Bir otaga girseň, salam berip girmeli we hiç kim ýok bolsa, jogabyny özüň gaýtarmaly. Tegelenip oturan märekä bir adam salam berse, oturanlardan biri sa- lam berene jogap gaýtarsa, oturanlaryň2 hemmesiniň üs- tünden jogapkärçilik aýrylýar. Emma bir adam hem jogap gaýtarmasa, onda hemmesi deň günäkär bolýar. Ýöne ge- len adam oturanlaryň içinde aýratyn biriniň adyny tutup ýa-da yşarat edip salam bermeli däldir.
Öňürti salam bermek ol adamyň kiçigöwünligini aňladýar4. Muhammet pygamber köçede oturan adamla- ra duşsa, derrew3 öňürdip salam berer ekeni. Häzir hem köne ýaşulularyň içinde sähel haýal-ýagal etseň, derrew özleriniň salam berýänleri bar. (Gazetden).




  1. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   38   39   40   41   42   43   44   45   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling