Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet38/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   34   35   36   37   38   39   40   41   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

Al-elwan güller klubyň görküne görk goşýar. 3. Biz Watanymyzy ýürekden söýýäris. 4. Özbegistanyň ykdysadyýeti gün-günden beýgelýär. 5. Ol mugallymyň aýdan sözüni ýerde galdyrmaýar. 6. Mekdebimiziň okuwçylary matematika olimpiadasynda ýeňiji boldular.

▲ Sözlemde eýä, habara ýa-da özara biri-birlerine bag- lanyp, olary aýyklap, olar dogrusynda belli bi soraga jogap bolup gelýän sözlere aýyklaýjy agzalar diýilýär.


Meselem:

    1. Sygyr geldi. 2. Sary sygyr uzak örüden geldi.

Baş agzalardan düzülen birinji sözlem sygryň gelendi- gini aňladýar. Sygryň reňki örüsi, nireden gelenligi bolsa ikinji sözlemdäki aýyklaýjy sözler arkaly anyklanylýar.
Aýyklaýjy sözler sözlemiň eýesine, habaryna ýa-da öz biri-birlerine baglanyp, olary aýyklap, belli bir soraga jo- gap bolup gelýärler.
Meselem:
Mekdebimiziň howlusy gök baga bürenip otyr.
Aýyklaýjy agzalar öz baglanýan (aýyklaýan) sözleri taýdan iki topara bölünýärler.

  1. Sözlemiň eýesine, at deregine gelen sözlerine baglanýan aýyklaýjy agzalar.

  2. Sözlemiň habaryna ýa-da dürli işlik şekillerine baglanýan aýyklaýjy agzalar.

Bularyň birinjisi aýyrgyçlar, ikinjisi bolsa doldurgyçlar.


Sözlemiň aýyklaýjy agzalary



Aýyrgyçlar _ _ _ _ _ _ _ _ Doldurgyçlar~~~~~~~~~~~



  1. njy gönükme. Aýyklaýjy agzalary tapyň. Olaryň sözlemdäki hyzmatyny düşündiriň.

Duşmanlar ýeňse berdiler, ýow basyldy. Derelerde ola- ra gyrgyn girdi. On bäş müň duşmanyň kimi gyryldy, kimi tutuldy. Oguzlardan hem üç ýüz ýigit şehit boldy.
Gazan beg oglunyň üstünden baryp, atdan inip, onuň ellerini çözdi, ataly-ogul görüşdiler.
Uruş eýgilikli gutardy, ençeme oljalar ele düşdi. Gazan beg ogluny duşman elinden sag-aman gutaryp, yzyna – oba dolandy. Gelip kyrk otag dikdirdi.
Ýedi gün, ýedi gije iýme-içme boldy. Gazan oglunyň saglygyna gul-gyrnak azat etdi. Ýigitlerine köp sylag ber- di. («Gorkut ata»).




  1. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   34   35   36   37   38   39   40   41   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling