Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet39/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   35   36   37   38   39   40   41   42   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

njy gönükme. Sözlemde baş agzalary, öz biri-birlerini anyklaşdyryp gelen sözleri tapyň.

Eramyzdan öňki 550-nji ýylda Kir patyşa Kiçi Aziýany, Wawilony boýun egdiripdi. Ol indi Orta Aziýany boýun egdirmegiň kül-külüne düşüpdi. Margiana, Horezm Ahemenitleriň penjesine düşdüler. Emme olar – Ahe- menitler gumly halklaryň – yza çekilip, at üstünde uruş etmäge ökde halklaryň gazabyna duçar boldy. Eramyzdan öňki 530-njy ýylda Pars patyşasy Kiriň beýik ýörişi onuň öz ölümi bilen tamamlandy. Gerodota salgylansaň, Kir
massagetleriň üstüne çozupdyr. Olaryň patyşasy Tomaris atly zenan eken. Kir massagetleriň ýurdunyň jümmüşi- ne aralaşypdyr. Şeýdibem öz-özi duzaga düşüpdir. Söweş diýseň gazaply bolupdyr. Tomaris şanyň hut özi çaknyşyga ýolbaşçylyk edipdir. Kiriň goşuny çym-pytrak edilenden soň, Tomaris (türkmenler oňa Tumarlyja hem diýýärler) pars patyşasy Kiriň jesedini tapmagy buýrupdyr. Kiriň kellesini kesdirip, ony içi ganly meşige taşladypdyr-da:
«Sen gana suwsapdyň, ine indi arkaýyn ganyber» diýipdir. (Žurnaldan)



  1. nji gönükme. Aýyklaýjy agzalaryň baglanan sözlerini anyklaň. Olaryň sözlemde hyzmatyny aýdyň. Nokatlar we so- rag belgisi goýlan sözleri orfografik düzgün boýunça dogurlap sözlemleri göçüriň.

Guýy obanyň ýokary çetindedi. Oňa obanyň ortasyn- dan ýol barýardy. Annaguly ýabysyny mytdylldadyp guýa bardy. Ol ýab(?)syndan syr(?)lyp düşdi-de, guý..nyň gyrasyndan iki ädim gaý(?)rada dur..p, bed(?)resini guýa sallamaga durdy. Ol guý..nyň düýb..ni görmän, bed(?) resindäki suwy dökän(-)5saçan edip, zordan ýabysyny suwa ýakdy.



  1. nji gönükme. Baş agzalara ýa-da bir-birine baglanan sözleri anyklaň. Olaryň sözlemdäki hyzmatyny düşündiriň.

Bir gezek Keýmir aga atly barýarka, öňünden çykan bir adam onuň bilen salam-helik edýär. Ol atyň syrtynda otu- ran 6-7 ýaşly gyzjagazy görüp:

  • Keýmir aga, ýogsa-da, bu gyzjagaz seniň nämäň? – diýip, soraýar. Emma gyzjagaz. Keýmirden öňürti:

  • Büý-ä meniň janym, men munuň jananasy, muň ejesi meň ejemiň gaýnenesi-diýip, özüniň Keýmiriň gyzydygyny aýdypdyr. Şonda ol adam oňa garap:

  • Berekella, sen-a gaty hakyllyja ekeniň, ömrüň uzak bolsun, hakyllym!-diýipdir. Şondan soň onuň ýörgünli ady Hakylly bolup galyberipdir.

Türkmen halkynyň gaýduwsyz gerçegi Keýmir baba Azady, Zenuby, Magtymguly ýaly akyldarlar bilenem en- çeme gezek duşuşan, pikir alsaň, ähli türkmen taýpalaryny birleşdirmekde, olaryň arasynda gatnaşygy ösdürmekde ul- lakan işleri amala aşyran serdardyr.
(Žurnaldan).



Download 438.92 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   35   36   37   38   39   40   41   42   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling