nji gönükme. Okaň. Sözlemleriň habarlaryny tapyň. Göçüriň. Habarlaryň aşagyny çyzyň. Galdyrylan dyngy belgi- lerini goýuň.
Magtymguly Şirgazy medresesinde üç ýyl okap, ýurduna gaýdypdyr // Medresede okaýan talyplar şahyr gidenden soň: «Öň Magtymguly halypamyzdy // Bilme- dik ýerimizi ondan sorardyk2 // şygyr okap berip, göw(?) n..mizi götererdi // Indi biziň halypamyz kim bolar4 // Haýsymyzyň ylmymyz köpkä // «diýip, özara jedelleşip başlapdyrlar // Medresede ders berýän Hezreti Pälwan talyplaryň jedelini eşidip:
Talyplar, siz jedelleşip, azara galyp ýörmäň2 // Ylmyň baryny Magtymguly öz ýany bilen äkitdi – diýipdir // («Magtymguly hakynda rowaýatlar we legendalar»).
njy gönükme. Göçüriň. Habarlary tapyň we haýsy söz toparlaryndan ýasalandygyny aýdyň.
Köňül
… Adam mydama niýetine görä tapýandyr. Köňül haýsy zadyň yşgynda bolsa şony hem tapar. Köňül diýlen gudratly patyşadyr, adam gaýry agzalary oňa esger- dir. Köňül nämäniň yşgynda bolsa, agzalar hem şonuň yşgyndadyr. Köňül her tarapa ýüwürse welin, ol göwün hiç zada ýaramaz. Öz göwnüm diýip, kişiniň göwnüni hergiz ýykyjy bolmagyn. Göwün ýykmakdan uly günä ýokdur. (A.Durdyýew «Ýa pelek»).
Habaryň sintaktik derňew edilişi:
Sözlemden habar tapmak.
Habaryň gurluşy:
sada habar; 2) goşma habar;
Habaryň haýsy söz toparyndandygyny anyklamak.
Habaryň sözlemdäki hyzmaty.
nji gönükme. Habary dürli söz toparyndan getirip, özüňizden bäş sany sözlem düzüň we depderiňize göçüriň. Habaryň haýsy söz toparyndan ýasalandygyny aýdyň.
Do'stlaringiz bilan baham: |