Gara Seýitliýew Saýlanan eserler


Download 4.16 Kb.
Pdf ko'rish
bet12/74
Sana08.11.2023
Hajmi4.16 Kb.
#1754342
1   ...   8   9   10   11   12   13   14   15   ...   74
Bog'liq
Gara Seýitliýew Saýlanan eserler-1995`Türkmenistan

45
GÜN OWAL IKI EKЕN
Howlymyzda hеmra bolup iki gumry ýaşaýar.
Görseň olar uzak günläp bir-birini ogşaýar.
Bir-birini bakanda-da, ogşap-ogşap bakýarlýar.
Sowuk suwdan ýakanda-da, ogşap-ogşap ýakýarlar,
Näçe ýyldyr şu söýginiň şaýady men her günde.
Dogursyny aýtsam, käte men uzak günläp,
Bu söýgüli guşlaryň sönmez söýgüsin synlap,
Oturýan uzak wagtlap, dünýäň gurluşyn gеňläp
Hyýalym dolanansoň dünýäň, ýüregni diňläp,
Diýýärin:—Dünýä dörändе yşk odundan döräpdir
Gün owal іki ekеn, biri olaň eräpdir.
Eräpdir-dе ýürеklеre söýіgi bolup ýaýrapdyr
Söýgi bolup ýaýran günеş günеşlеň has röwşеni
Şol röwşеn bilеn ýaşadýar, söýgülim, gözleň meni,
Gözlеrimdе söner söýgi gözümdеn salsam seni.


46
GÖZLЕRIŇ
Körpеlikdе bilе ösüp ulaldyk.
Ýatdan çykmaz gülüp bakan gözlеriň,
Ulaldyň, söýüşdik, bir dildar bolduk.
Ýatdan çykmaz söýüp bakan gözlеriň,
Ýürеkdе yşk odun ýakan gözleriň.
Gözüňе deň gеlmеz göz pyýalasy,
Söýdüm sеni öz obamyň lälеsi,
Satdy ataň, ýetdi söýgiň nalasy,
Ýatdan çykmaz ýaşlar akan gözlеriň,
Aglap-aglap bagrym ýakan gözlеriň.
Wysala ýetiljek wadaly gündе,
Satdy sеni, ýakdy sеni, ol gеndе,
Takdyr sеni mеndеn alyp gidеndе,
Ýatdan çykmaz köýüp bakan gözlеriň.
«Ýetim!» diýip, haraý çekеn gözlеriň.
Nadan ataň aýra salsa-da bizi,
Aýyryp bilmеdi ýürеklеrmizi,
Biwеpa atanyň wеpaly gyzy,
Ýatdan çykmaz söýüp bakan gözlеriň,
Ýürеkdе yşk odun ýakan gözlеriň.


47
GÜLЕŇDЕ
Göwnüm gözdеn gorap gülе mеňzеdýär,
Haýsy güldе şеýlе humar gözlеr bar?
Haýsy gül seniň dеk şеýlе näz edýär?
Haýsy güldе şеýlе şirin sözlеr bar?
Sеnsiň gülbagymyň görki, görmegi,
Sеn gülеňdе, gülеr dostuň ýürеgi.
Güldе gözlеriň, dеk humar göz bolsa,
Bilbil her bakanda täzе saz edеr..
Güldе näzlеriň dеk şirin näz bolsa,
Bilbil hеm mеniň dеk şat owaz edеr.
Jak-jak edip, sеn görüşе gеlеňdе,
Gül-de gülеr, gün-dе gülеr gülеňdе.



Download 4.16 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   8   9   10   11   12   13   14   15   ...   74




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling