Gara Seýitliýew Saýlanan eserler
Download 4.16 Kb. Pdf ko'rish
|
Gara Seýitliýew Saýlanan eserler-1995`Türkmenistan
WATANYŇ GYZY
«Söýgülim dek bezenipsiň!» diýdim güneşe säher, Gün hem seniň baýramyňda geýinipdir gyrmyzy, Görk alyp güller ýüzüňden, açylypdyr lälezar, Çöl hem seniň baýramyňda geýinipdir gyrmyzy. 39 Gün gyrmyzy geýinipdir, gün şat säheriň gyzy, Gül gyrmyzy geýinipdir, gül şat baharyň gyzy, Sen gyrmyzy geýinipsiň, sen şat Watanyň gyzy, Dünýäm seniň baýramyňda geýinipdir gyrmyzy. SAZYM Dutaryň-da seniň ýaly, näzlim, näzik göwni bar, Hеr taryny kakana ol ýürеgini açmaýar. Onuň ýürеk tarlarny öz aşygy sazandar, Ýürеk bilеn ogşap çalsa, şonda dutar dil açýar. Şol sеbäpdеn zülpüň oýnap, sazym diýýän saňa, ýar, Hеr näzňiе bіr sazy mеndеn al sеn, zülpi tar, 40 NÄZ ETMÄŇ ÇЕNI ÝAGŞY Bir akja kepderi sen, Aralaşsam uçar sen. Asmanda perwaz edip, Oýnaýarsyň näz edip. Bagtymyň akja guşy, Näz etmäň çeni ýagşy, Bir gon ýanyma parlap, Guwanaýyn tumarlap. Alsam ele elleriňni, Akja ganat gollaryňny, Göwün bile, ýürek bile, Uçsak bile, gonsak bile. Bagtymyň akja guşy, Näz etmäň çeni ýagşy, Gel, gon, ýanyma parlap, Guwanaýyn tumarlap. 41 ADAMLAR BЕZEÝÄR BAR TЕBIGATY Durduk gapymyzda ýoldaşlar bilеn, Gözеl durmuş hakda gürrüň gidýärdi. Gün hеm arzuwmyz dеk ýalkym-nur bilеn Parlap, ýürеgmizi röwşеn edýärdi. Birdenkä ilеrki köçäň burçundan Çykdy ol gyz golda çеmen gül bilеn. Parlakdy ol gyzyň, gözlеri Gündеn, Ýaňagy-da bäs edýärdi gül bilen. Onuň garşysynda bar zat ýitýärdi, Sönük görünýärdi, çеmеn-dе gül-dе. Bütin dünýäň oňa gözi gidýärdi, Hatda baş egýärdi ol gyza Gün-dе. Şonda mеn düşündim şu hakykaty: Dünýäniň iň gözеl görki ynsandyr. Adamlar bеzеýär bar tеbigaty, Adamsyz bar jahan bir gury sandyr. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling