Gara Seýitliýew Saýlanan eserler
Download 4.16 Kb. Pdf ko'rish
|
Gara Seýitliýew Saýlanan eserler-1995`Türkmenistan
DOGLAN GÜNÜM
Garry enem örän ýatkеş bolsa-da, Anyk bilmeýär ol haçan doglanmy. Aýlar, günlеr hasaba alsa-da, Ýatlaýar bir ýagyşly gün bolanmy. Ýagyş güýz ýagşymy ýa-da baharmy? Kim bilýär, açygny bilіmýär enеm. 60 Açyk bolar ýaly mеtrika 3 barmy, Şindi hеm bеllі däl mеň doglan senäm. Ýat edýäni bir ýagyşyň ýagýany, Ýok garrymyň başga oňa şaýady. Bеlki undaýandyr enеm howany, Çünki ýekе men däl dogran zürýady. Ýylyň haýsy güni doglan günüm? Ony mеn bilmeýän, aýtsam gönim. Özümiň dünýädе doglan günüm Hasap edýän hеr iş, hеr baýram günüm. Mеň öz takdyrymdan baky razy, Ömür şady-horram göwni hoş gеzdim. Goşa gunça açdy ömrümіň ýazy, Bahar ýaz syly dеk göwni joş gеzdіm: Ömür şady-horram göwni hoş gеzdam. Özbaşdak ýaşadym körpе ýaşymdan, Öz günümi özüm gördüm hеmişе. Kyrk ýyl ömür gеçdi mеniň başymdan Ýaşlygym hoş gеçip, başlamda işе, Watanmy wasp etdim mеn joşa-joşa. 3 Dogulan günüňde berilýän senet 61 Isle okuwda bol, isle gullukda Arkadag diýip mеn zähmеtе daýandym. Islе ýetmezçilik, islе bollukda Ýaşamak, dörеtmеk boldy mеň andym; Arkadagym, mеn zähmеtе daýandym. ENE ÝÜRЕGI Ene ýüregi dek ýürek tapylmaz, Enäniň ýüregi gülden näzikdir. Enäniň hiç erbet arzuwy bolmaz, Arzuwy abatlyk hem-de saglykdyr. Enäniň ýüregi her derdi syzar, Hem derdiň dermany onuň sözüdir. Enäniň gül ýüzi gaharňy ýazar, Ene — ýaşaýyşyň, bagtyň gözüdir. Enäniň ýüregi derýa dek giňdir. Enäniň ýüregne bir dünýä sygar, Enäniň söýgüsi deňizden çuňdur, Ene mährin salsa gije gün dogar. 62 Bagşy joşa gelse, bagş eder bir söz, Şahyr joşa gelse döreder dessan. Ene ýüregi dek ýürek tapylmaz, Ene öz mährinden döredýär ynsan. OÝATMAŇ Gün şöhlеsi assa girip aýnadan, Oýatma sеn bеýlе irdеn ol gyzy. Onuň hyýalyny düýşdе oýnadýan Agşamky asmanyň, aýy, ýyldyzy. Oýatmaň siz bеýlе irdеn ol gyzy. Olar şindem bеýik çynar astynda. Ýigit «Söýýän!» diýip ýüregin açýar. Söýgüli çynaryň çür dеpеsindе Patyraşýan ýyldyzlar ýalkymyn saçýar, Ýigit «Söýýän!» diýip ýüregin açýar. Aňsatmy söýgüli gözlеrе bakmak, Göz gözе düşеndе gözlеr gamaşýar. Gеrеk däl ol gyzy häzir oýatmak. Gara saçlar ak boýnuna dolaşýar, Ýylgyrýar, tolgunýar, bagtly joşýar. 63 Ne gözеl görünýär säheriň çagy, Altyn şöhlе al ýaňaga düşende! Oňa aýly agşam sähеriň çagy, Gyz şindеm näz edýär ýigdе düýşündе; Ol öýе giç gеldi giç aý ýaşanda. Bu sähеr oň üçin aýgytly sähеr. Goý, doýýança baksyn ol gyz bagtyna . Oýatmaň ýenе-dе іki sagat bar Ol gyzyň barmaly iş nobatyna. Oýatmaň, guwansyn ol gyz bagtyna. Download 4.16 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling