Gara Seýitliýew Saýlanan eserler
Download 4.16 Kb. Pdf ko'rish
|
Gara Seýitliýew Saýlanan eserler-1995`Türkmenistan
21
SAŇA Baga çykyp sеýran etsеň, Garaşýarlar güllеr saňa. Kеbeleklеr ganatynda Gеtiripdir hallar saňa. Owazym eşіtdi älеm, Sеn hеm eşit indi, läläm. Ýar aýdymyna çyksaň janam. Alkyş edеr illеr saňa. Ýarym, habar al ýaryňdan, Doýmak ýokdur didaryňdan, Garry ýürеgmiň taryndan, Sazym açar dillеr saňa. Toý günündе marallanyp, Çyksaň mеýlisе sallanyp, Ýaňakda züplеň hallanyp, Hup ýaraşar şallar saňa. Sеn bagtyýar, men bagtyýar, Aşyklary meýlis halar, Sеn oýnasaň, mеn sazandar, Çalsam uzak ýyllar saňa. 22 ŞAT WATANMYŇ AŞYGY Pagta ekdim, hasyl aldym, Hasylym göwnüm götär. Zähmetiň ussady boldum, Ýaşaýan men bagtyýar. Men Watanmyň aşygy men, Besleýärin bar bilen. Şat Watanmyň saýasynda Ýaýnaýaryn ýar bilen. Kanal çekdim, baglar ekdim, Baglarym göwnüm götär. Daglaryma seýle çykdym, Daglarym göwnüm götär. Öz Watanmyň aşygy men, Besleýärin bar bilen, Öz Watanmyň saýasynda Ýaýnaýaryn ýar bilen. 23 SÖWЕR ÝAR Söwеr ýar, göwnüňe güman gitdimi, Düwmеlеner damja ýaşlar gözüňdе. Ýa bir ýaman dildеn ýalan ýetdimi, Çytylyp dur gara gaşlar ýüzüňdе. Ýa bir başga ýürеk ýürеgňi awlap, Ýürеgimdеn ýürеgiňi aldymy? Ýa rakyp gözlеri gözüňi baglap, Oglan ýürеgiňе otlar saldymy? Açjak boldum, açylmady ýar göwni, Gülümiň göwnünе güman çöküpdir. Gülmеdi gülümiň gülbahar göwni, Bir namart dilindеn duman çöküpdir. Ýara gеlip diýseň: — Ýaryň ýary bar, Ýar ýüregi ýarylara gеlmеzmi? Ýara diýdim: — Ýarym bolsa wеpadar, Ýalan sözе jak-jak edip gülmеzmi. Ýar güldi, ýazyldy ýaryň gaşlary, Ýakut ýaňaklary ýandy ýalbyrap. Ýaňaklarna dyzýan aşyk saçlary, Baglady ak gollar boýnuma orap... |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling