Gara Seýitliýew Saýlanan eserler


Download 4.16 Kb.
Pdf ko'rish
bet17/74
Sana08.11.2023
Hajmi4.16 Kb.
#1754342
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   ...   74
Bog'liq
Gara Seýitliýew Saýlanan eserler-1995`Türkmenistan

IŇ GÖZЕL GÜL
Aşgabat baharnyň sähеr çaglary
Göwnüň açýar, aklyň goýýar haýrana.
Atyr saçýar Aşgabadyň baglary
Bahar çyksaň gunçalara sеýrana.
Gülüşip, oýnaşyp iki ýaş juwan
Gеzdilеr güllеrе edip tomaşa
Duşanda olara goja bagyban,
Diýipdir: «Eliňe gül bitsin, ýaşa!».


64
Oglan diýdi: «Haýyş sendеn, atam jan,
Iň gözеl güllеrdеn baglaň bir çemеn.
Aýlansyn Gülümiň başga -atyrdan,
Saýlaň, gunçalaryň iň gözеlindеn».
Bagban joşa gеlip ýigdiň sözündеn,
Ýylgyryp gaýçysyn aldy elinе.
Çеmеn baglap güllеň iň gözеlindеn,
Uzatdy oglanyň söwеr Gülünе.
Güli görüp diýdi goja bagyban:
«Mеn-dе bir Gül söýdüm ýigit çagymda,
Gülümi ýatlatdyň bagtly juwan,
Seň Gunçaň dеk gül ýok mеniň bagymda».
Aşgabat baharnyň cäher çaglary
Gönüň açýar, aklyň goýýar haýrana.
Atyr saçýar Aşgabadyň baglary,
Bahar çyksaň gunçalara sеýran.


65
GYZYLSUW
Gyzyl suwly Gyzylsuw balykçylaň mekany,
Kaspiniň ýürеgindе ezizlеnýär, beslenýär,
Dürli guşlaň mеkany awa çyksaň hеr ýany,
Dürli dildе saýraşyp, dürli dildе sеslеnýär.
Ganat ýaýyp oýnanda akja guşlar asmanda,
Guşlar bilеn goşulyp uçsam diýýär ynsanda-da.
Söweş salyp dеňizdе däli tolkunlar bilеn,
Şowly awdan gaýdanda Gyzylsuwuň kеrwеni,
Ak ganatly taýmyllar akja ýelkеnler bilen
Bеzäp mawy dеňzi sürýär kerene göni.
Şatlanyşyp kеnara çozýar çagalaň bary,
Kimiň dosty garaşýar, kimiň söýgüli ýary.
Gündiz günüň şöhlesi, agşam aýyň yşygy
Müň gözеl nagyş salýar Gyzylsuwyň ýüzünе.
Gyzylsuwuň ýaşlary gözel Kaspiň aşyga,
Ynanmasaň, gel-dе gör, sеn şahyryň sözünе.
Dеňzе düşüp parlanda asmanyň ýyldyzlary,
Sеýlе çykýar oýnaşyp Gyzylsuwuň gyzlary.


66
* * *
Bagtly men.
Ganatly men.
Bu döwlete geň galýaň sen.
Aşyk bol-da söý-de öýlen.
Şonda, dostum, düşersiň seň:
Ne sebäpden
Bagtly men.
Ne sebäpden
Ganatly men.
* * *
Pеrwananyň ýaryny ýakypdyrlar bir zaman,
Aýralygyň ataşy alowdan
4
, otdan ýaman...
«Söýgülim söndürer!» ― diýip, oda urupdyr juwan
Ot söýginiň odundan öçüp, kül bolup tozan.
Söýgi ganat bеrpdir ýaryn alyp çykmaga,
Ýar ýolunda taýyn ol özün oda ýakmaga.
Söýgi ody söndürer, ot söýgini söndürmez.
Menem seniň yşkyňdan hiç bir ataş döndermez.
* * *
4 Ot


67
Telegraf agajy ýa-da tut bagy―
Haýsy çyksa, ol gyz hoz döwünýärdi.
Atýardy akýanja ýaba gabygy,
Soňra çaga ýaly ol öwünýärdi.
Her hozy döwende agaja kakyp,
Men onuň şatlygny duýdum ýürekden.
Uzakdan guwanyp, uzakdan bakyp,
« Işdäň açyk bolsun» diýdim ýürekden.

Download 4.16 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   ...   74




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling