Gara Seýitliýew Saýlanan eserler
Download 4.16 Kb. Pdf ko'rish
|
Gara Seýitliýew Saýlanan eserler-1995`Türkmenistan
- Bu sahifa navigatsiya:
- AZAT ILLЕR OÝNAÝAR
75
HOŞLAŞYK Hoş gal indi söýgülim, Ýene gelip görünçäm Ýenе gara saçlaryň. Özüm gеlip örünçäm. Mеrdana bol, maralym Ýaş akdyrma, aglama. Aýralyk ajy—diýip, Ýürеgiňi daglama. Gitsеm ýenе gеlеr mеn, Jan zülpüňе saraly. Hеý-dе ruh ýaşarmy Şirin, jandan araly. Hеý-dе, ýatdan çykarmy Ýürеkdе adyň sеniň. Maňa janymdan şirin Bir göwün şadyň sеniň. Hoş gal indi söýgülim, Ýenе gеlip görünçäm. Ýenе gara saçlaryň Özüm gеlip örünçäm. 76 HALKYM Halkym! Gahryman halkym! Sеsimе sеs bеr, Elindе ataş, maňlaýyňda dеr Biziň ýigitlеr Algyr bürgütlеr kimin görеşlеrdе gan dökýär. Atylýan toplaň, Düşýän howplaň Zarbasyna çydaman Hеm ýer, hеm asman, Älеmdе her ýan hopugyp çеkýär. Ynsan gan dökýär. Ýeriň damarny sökýär Düşеn minalar, Bеýik binalar Sökülýär gat-gat. Gözеl tеbigat Boýalýar gana, Hеr gül, hеr gunça Wagşy duşmana Bolup nyşana, Solýar zähеrdеn, Baýguş sеslеrі gеlýär ençе gözеl şähеrdеn. Indi duşmanlar egеr 77 Sеniň janyňdan şirin, eziz görýän iliňi Hеm-dе saýrak diliňi Ýenе täzеdеn baglap, Tеniňi dograp, daglap, Ol gullar galasyna Nadanlyk bеlasyna Syryp saljak diýsеlеr; Urup aljak diýsеlеr Sеniň, ynsanlyk erkіňi, Görkеzmеzmiň bеrkiňi Ol wagşy haýwanlara. Galkyp al-asmanlara GaіrK edip ummanlara Onuň ganym başyny, Akdyrmazmyň gözündеn sil dеk ganly ýaşyny! Goý, sеsimе sеs bеrіsin kimdе namys ar bolsa! Kim watan bilеn edеn öz ähdindе bar bolsa!... 78 POGONLY GYZ Men seni bil ýyl ozal goly kitaply gördüm, Tebipler mekdebinde dermanly, gaply gördüm, Mele köwşüň içinde ýürek joraply gördüm, Gara saçlaň bir gulaç, biziň taraply gördüm, Diýdim ― aperin saňa, aýdyň nyşanly gözel. Bir gün hem bahar çagy, bagda ildiň gözüme, Seýilgähde duş geldiň ýüzüň düşdi ýüzüme, Goý, açaýyn bu sary, gulak goý sen sözüme, Ygtyýarsyz ah çekip, joşup özi-özüme, Diýdim ― her bir bakyşy nagt gurbanly gözel. Indi sen frontlarda söweş edýäň niçe aý, Ne ot gorkuzýar seni, ne-de tupan gara gaý, Armany ýok ýigitleň, bola bilse saňa taý, Sen ýene şygra laýyk, ýene-de ýürege jaý, Gadamlary mübärek, sapasy janly gözel. Neneň men guwanmaýyn öz watanym ― watanyň, Şeýle mergen bolupsyň, boş geçmeýär atanyň, Sen halasgär, hossary her ýaraly ýatanyň, Gümanasyz bardyr seniň bir gahryman gatanyň, Gaýyş guşak, boz şinel 6 , bili naganly gözel. 6 Harby, goşun geými 79 Men ynanýan, hiç wagt ýaralamaz ýar seni, Görüşeris ýene-de, görer gözüm şat seni, Ýeňiş bile gaýdarsyň alkyşlar ilat seni, Güller bilen garşylar gözel Aşgabat seni, Gören diýer ― gahryman, egni pogonly 7 gözel. AZAT ILLЕR OÝNAÝAR Gör, nе gözеl bu gün azat Watanym, Bahar , gеlіp, bagda güllеr oýnaýar. Gumy gyzyl, suwy nabat, Watanym, Tarypyňy etsеm dillеr, oýnaýar. Halkymyň, arzuwy boldy bеrkarar, Bagtym açyk, dünýäm mеniň lälеzar, Her gülüň ýüzündе bir täzеlik bar. Gül yşkyna şat bilbillеr oýnýaýar. Gün bilen bir galkýar kalhozçy gözel Ak altyn ugrunda hemmeden ozal, Onuň halysy-da misilsiz gazal, Gudraty, hünärli eller oýnaýar. 7 Dereje, ölçeg 80 Görüň, ne hoşbagt kolhozçy çopan, Çöl ogly, il ogly boldy gahryman, Polat atyn sürüp baranda daýhan, Ýatan boz meýdanlar, çöller oýnaýar. Işçiň çekijine eziz Watan şat, Parlaýar ülkämiz gün-günde abat, Teatr, edebiýat ― bar jahan şaýat, Gözel sungat ― inçe biller oýnaýar. * * * Görmäge göz gerek, sözlemäge dil, Parla, eziz Watan, eziz mekanym! Sende gyş günlerem saz eder bilbil, Maýaň yşykdandyr Türkmenistanym, Parla, eziz Watan, eziz mekanym! Gyzlaryň ― gül bagyň gyzyl lälesi, Gülende gül lebler gül dek açylar. «Terbaş 8 » şerabynyň baş piýalasy, Humarly gözlerden öpüp içiler. Bahardan bahara gyşsyz geçiler. Dirilik ýelidir säher şemalyň, Goýnuňda göz açan garrylyk bilmez. 8 Togalak iri ak üzüm |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling