Gara Seýitliýew Saýlanan eserler


Download 4.16 Kb.
Pdf ko'rish
bet49/74
Sana08.11.2023
Hajmi4.16 Kb.
#1754342
1   ...   45   46   47   48   49   50   51   52   ...   74
Bog'liq
Gara Seýitliýew Saýlanan eserler-1995`Türkmenistan

212
ÝOLDA
Rimde nahar edinip, ýene mündük uçara.
Uçar ýene-de galkdy — galkdy asmanlara,
Diktor gödek ses bilen diýdi: — Rim — Abadan.
On sagatlap uçjak biz ýolda hiç ýerde gonman.
Maňa agyr göründi Abadanyň ahwaly,
Bugarýardy bu toprak gyzzyrma tutýan ýaly
Abadanyň ýüzüne garadym, men garadym,
Abadanyň topragyndan bu soragy soradym:
― Aýyt maňa, gözel toprak, näme beýle bugarýaň?
Ýatyş ýagyp, sil gelip, bulandymy seň derýaň?
— Ýok ― diýdi maňa toprak. — Men hemişe bugarýan,
Işçiň derinden döreýär meni bürän bu duman!..
BIZDEN UZAK ILLERDE
Men şeýle ülke gördüm bizden uzak illerde,
Ömründe gar görmändir, açylyp dur güller-de.
Bilbiliň-de aýagy bişmese zor howurdan
Gyzyl gülüň yşkyna saza başlaýar irden.
Ynsan käte oturyp, şeýle hyýala gidýär:
Gül bolsa, bilbil bolsa, şol bagtdyr öýüdýär.
Ynha olar otyrlar dünýäň meşhur bagynda,


213
Bu ýerde gül parlap dur gyşyň aýny çagynda.
Emma bu oturanlar bakmaýar gyzyl güle,
Gyzyl gülüň atyrny çekmeýär şatlyk bile.
Bulary humar edýän gyzyl gülüň ysy däl.
Olar bir doýmak üçin besleýär şirin hyýal...
HINDISTAN
(Aýdym)
Daň ýeri saz berýär, saýraýar guşlar,
Oýanýar ukudan beýik Hindistan.
Ugraýar mekdebe okaýan ýaşlar,
Okuwsyz çagalar gezýär sergezdan.
Hindistan, Hindistan, men saňa myhman.
Ýüregiň giň seniň, iliň mähriban.
Beýik taryhyň bar — sözleýär daşlar,
Daşlarda yzy bar geçen illeriň.
Ýazylýar horlukdan çytylan gaşlar,
Täze reňk alýar solan gülleriň.


214
Hindistan, Hindistan, men saňa myhman.
Ýüregiň giň seniň, iliň mähriban.
Topragyň ne gözel — sowulmaz bahar,
Bagtyň-da gül açsyn baharyň ýaly,
Ýüzüňe nur saçsyn her dogan säher
Hindi gözellerniň gözleri ýaly.
Hindistan, Hindistan, men saňa myhman. 
Ýüregiň giň seniň, iliň mähriban. 

Download 4.16 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   45   46   47   48   49   50   51   52   ...   74




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling