213
Bu ýerde gül parlap dur gyşyň aýny çagynda.
Emma bu oturanlar bakmaýar gyzyl güle,
Gyzyl gülüň atyrny çekmeýär şatlyk bile.
Bulary humar edýän gyzyl gülüň ysy däl.
Olar bir doýmak üçin besleýär şirin hyýal...
HINDISTAN
(Aýdym)
Daň ýeri saz berýär, saýraýar guşlar,
Oýanýar ukudan beýik Hindistan.
Ugraýar mekdebe okaýan ýaşlar,
Okuwsyz çagalar gezýär sergezdan.
Hindistan, Hindistan, men saňa myhman.
Ýüregiň giň seniň, iliň mähriban.
Beýik taryhyň bar — sözleýär daşlar,
Daşlarda yzy bar geçen illeriň.
Ýazylýar horlukdan çytylan gaşlar,
Täze reňk alýar solan gülleriň.
214
Hindistan, Hindistan, men saňa myhman.
Ýüregiň giň seniň, iliň mähriban.
Topragyň ne gözel —
sowulmaz bahar,
Bagtyň-da gül açsyn baharyň ýaly,
Ýüzüňe nur saçsyn her dogan säher
Hindi gözellerniň gözleri ýaly.
Hindistan, Hindistan, men saňa myhman.
Ýüregiň giň seniň, iliň mähriban.
Do'stlaringiz bilan baham: