Gara Seýitliýew Saýlanan eserler


Download 4.16 Kb.
Pdf ko'rish
bet57/74
Sana08.11.2023
Hajmi4.16 Kb.
#1754342
1   ...   53   54   55   56   57   58   59   60   ...   74
Bog'liq
Gara Seýitliýew Saýlanan eserler-1995`Türkmenistan

259
ADAM WE BAGT
Dünýämiziň durky hem ýaraşygy,
Dünýäde iň beýik sungat aşygy
Moskwada, märekäniň öňünde,
Meşhur sungat ussatlarnyň deňinde,
Ençe gezek aýdym aýtdy Altyjyk,
Gurultaýyň köşgünde
Güwleýän el çarpyşyk
Altyjygyň yşgynda
Köşgi ýarjak bolýardy
Altyjyk bagtyýardy!
Ertesi Altyn ady
Gazetleň ganatynda,
Hemme halkyň hatynda
Bütin dünýä ýaýrady.
Altyjyk bagtyýardy!
Şeýle ýaşlyk Şükür bagşa nesip eden bolsady
Men ynanýan, körpejekä dünýä bolardy aýan.
Dünýäde hiç bilinmän,
Dünýäde hiç eşdilmän,
Dünýäde hiç tanalman,
Näçe talantly ynsan
Körpelikde ýok bolan,


260
Jahyllykda ýok bolan,
Gojalyada ýok bolan,
Kimmişin ony bilýän?
Soraga jogap bermän
Dymýarsyň, köne zaman?!
Emma Alty dymmaýar,
Alty aýdym aýdýar,
Altyjyk şat bagtyýar!
Altynyň şat Watany,
Altynyň şat zamany,
Altynyň şat döwri bar!
ADAM WE NAMYS
Seni lälik saklady, eneň boýna mündürip,
Seni lälik saklady, ataň boýna mündürip.
Oglanlykdan ak süýt berip ulaldyp.
Seni lälik saklady, Watan boýna mündürip.
Düş sen eneň boýnundan, eneň dynjyny alsyn!
Düş sen eneň boýnundan, ataň dynjyny alsyn!
Lälikligiň çaky bar, sakgalyňdan utan sen ― 
Düş sen eneň boýnundan, Watan dynjyny alsyn!


261
ADAM WE ALADA
Güýz ýapragy kimin saralyp-solup,
Ol örän köp ýatdy Keselbent bolup.
Sen ony ölýänçä bir soramadyň,
Oň bolsa hemişe dilinde adyň.
Hemmelerden artyk saňa garaşdy,
Kim barsa ýanyna seni soraşdy.
Bir gün däl, bir ýyl däl, uzak garaşdy....
Emma sen bäş minut wagt tapmadyň
Soramaga eziz dostuň halyny.
«Öljek...» diýseler-de, sen tiz gopmadyň
Soramaga görgüliň ahwalyny.
Her gezekde diýdiň: «Iş köp, wagtym ýok...»
Ol görgüli üýtgäniňi bilenok.
« Hiç kim bu dünýäde işsiz gezenok»
Diýip ýatdy pakyr, senden habar ýok;
«Hiç kim bu dünýäge iki gelenok»
Diýip ötdi pakyr, ýoluňa garap...
Ölenden soň onuň öýüni sorap
Gelmek nämä gerek ýalandan aglap.
Sen indi otur-da, bir aýla seriň,
Ol hakda gazete ýazan sözleriň
Entek ol ölmänkä aýdan bolsadyň,
Halyny bir sorap gaýdan bolsadyň,
Belki, ol ölmezdi, ýaşardy, belki,
Adamyň gadryny bilmeli ilki...



Download 4.16 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   53   54   55   56   57   58   59   60   ...   74




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling