263
Elim işden çykyp, kelläm pikirden,
Ýatyryn açylyp bilmän ukudan.
Ahyrda hiç
zada galman mejalym,
Işsizlik gözüme göýä ajalym
Bolup görnüberdi, turdum howp alyp.
Işsiz ýatmak bilen arany ýolup,
Işe başladym men, galammy alyp.
Şu boldy ilkinji ýazan sözlerim:
« Bikar işsizlik hem birhili ölüm...»
Şu boldy ilkinji ýazan sözlerim:
«Dirikä öleni görmesin gözüm..»
ADAM WE DIRILIK
Oglunyň başyna geljek belany
Enesi duýarmyş diýýärler ilki.
Öz şahyr ogluny aljak belany
Seň ene topragyň duýandyr, belki,
Daşkendiň ýüregi titredi ilki.
Diýýärler: «Beýilik sadalykdadyr»,
Şol sadalyk üçin söýýärdik seni.