Gara Seýitliýew Saýlanan eserler
Download 4.16 Kb. Pdf ko'rish
|
Gara Seýitliýew Saýlanan eserler-1995`Türkmenistan
- Bu sahifa navigatsiya:
- ADAM WE HÄSIÝET
- ADAM WE ARZUW
ADAM WE
ÝADYGÄRLIK Körpelere saýa gerekdir hökman, Saýasyz ýaşasa bimydar bolar. Dünýä gelen adam bir agaç ekmän Gitse, dünýämize bergidar bolar. Dünýäden gitmesin hiç kim bergidar, Iň bolman bir agaç eksin ýadygär, Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär Dünýäň kitabynda onuň ady bar. ADAM WE HÄSIÝET Köp zady başgadan öwrendi ynsan, Ýüzmegi balykdan, uçmagy guşdan. Näzikligi gülden, berkligi daşdan, Ýalkamagy ýazdan, gargyşy gyşdan. 272 Sen dünýäde bar öwrenen zadyňy Gülden öwrenipsiň — ýazyň gyzy sen. Bilip dakypdyrlar, Gülüm, adyňy. Gülälek ýaňaklym, ýazyň özi sen. ADAM WE DIL Ençe dil bolsa-da dünýäde äşgär, Söýginiň sözlügi bir bolar, janam. Maňa gürji dilin bilmek ne derkar Saňa diýmek üçin: »Sen meniň, janym«. Söýgi bolan ýerde söz nämä gerek? Goý, sözsüz sözleşsin biziň ýürekler. Gül üste gonupdyr goşa kebelek, Sözsüz söýüşmeýärmi ol kebelekler? ADAM WE ARZUW Bu dünýäden geçen akyldarlaryň Hemmesi bir zady arzuw edipdir. Göýa bir adam dek bary olaryň: — Ynsan köp ýaşasa? — diýip gidipdir 273 Baky bagtly ýaşar adamzat nesli, Hiç kim nahak uruş odun ýakmasa. Adamlaň-da ömri uzar ep-esli Hiç kim nahak ýere göwün ýykmasa. ADAM WE WEPADARLYK Arça ýaly ar-namyssyz bolsadym, Saç-da agarmazdy, ýüz-de solmazdy. Her gülenje göze aşyk bolsadym, Gözlerim ömürlik gözde galmzdy. Men yşkymda bir wepasyz bolsadym, Kalbym diňe seniň sazyň çalmazdy. Her gülen gunçany gülüp ýolsadym. Bir läle kalbymda baky galmazdy. Meniň başga hiç bir ataş ýakmady, Hijranyň oduna ýanyp agardym. Meni başga hiç bir saky ýakmady, Hijranyň meýinden ganyp agardym. 274 «Agarypdyr aşyk Garanyň saçy», Diýip gamlanmasyn lälämiň ýüzi. Ýene-de garalar Garanyň saçy, Bir gülüp garasa lälämiň özi. ADAM WE GÖWRE Bir ullakan dostum maňa elmydam: «Bir ullakan kitap ýazaňok» diýýär: Şol ullakan dostum maňa elmydam: «Aýdymjykdan eliň uzeňok» diýýär. «Gep göwrede däl-le!» diýäýjek weli. Ketde dostum çeker öýdýän özüne. Uýmaly söz bolsa, uýaýjak weli, Uýasy hem güldi onuň sözüne... Download 4.16 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling