Gara Seýitliýew Saýlanan eserler
Download 4.16 Kb. Pdf ko'rish
|
Gara Seýitliýew Saýlanan eserler-1995`Türkmenistan
ADAM WE GÖZELLIK
Aýnanyň öňünde sen näzli peri, Özüň öz gözlerňe guwanyp gülýäň. Men gözleň aşygy döräli bäri, Sen ony, naýynsap. niredsn bilýäň?.. Sen görşe geleňde, näzli dildarym, Hiç hili hal ýokdy al ýaňagyňda. Ilki duşuşykda begenç ýaşlarym Hat bolup galypdyr hal ýaňagyňda. «Derdiň näme?» diýip soraýarsyň sen, Derdimi aýtsam — derdim meniň — sen Bir gezek ýüzüme ýürekden gül-de, Nätseň edäý onsoň ýüregim al-da. 299 Doktor dürli-dürli dermanam berse, Gitmeýär ýürekden derdiň azary, Emma seniň gözleň gaşymda dursa, Gidäýýär ýürekden dertleriň bary. Bahar açylýandyr başga gunçalar Seniň bir üýtgeişk döreşiň bar-la Seniň ýaňaklaňda elwan gunçalar, Aýazly gyş günem açylyp dur-la. «Geçer bu gözellik sende-de galmaz», Diýenleriň dili lal bolsun, gülüm! « Çyn gülni saklasaň müň ýylda solmaz». Diýenleriň dili bal bolsun, gülüm! Men seni göremde ilkinji gezek Gözellikden başym aýlandy gitdi. Şol gije bir aýdym döretdi ýürek, Başga aýdymlardan saýlandy gitdi. Takdyr aýraýsa-da ömür köçämiz, Käte-käte köçämizden geçewer! Ýogsa garaňky bor ömür köçämiz, Käte bir lowurdap, ýalkym saçawer! 300 Sen meniň bagtyma çykalyň bäri Belent çykýar aýdymlaryň owazy. Dünýäni görmedik körpeje peri, Nireden bilýärsiň sen munça näzi? Sen dünýä geleňde at dakan ene Gözel görüp, Gunça diýipdi saňa. Güle aşyklygmy gören dessine Bilbil öz aýdymny bagş etdi maňa. Gunçaň açylanny bir görüp bilmän, Şol aglap ýörşümiş aşyk bilbiliň, Senem, Gunçam, ömrüňe bir açylman, Aglatjak ýörjekmi aşyk bilbiliň?.. Aşyklar şäherniň bar galam gaşy, Üýşse-de özüň dek läläni görmen. Sen hakda görülen bir şirin düýşi, Özge bilen sürlen döwrana bermen. Bir görseň, garaňky gijeden gara, Bir görseň, Gün ýaly gülüp dursuň sen, Näm bolduka diýsem bu gün dildara, Köýnek geýen oguşýan gije-gündizden. 301 Diňe köýnegiň däl, gaşlary garam, Özüň hem döräpsiň gije-gündizden. Gijeler tebibim, gündizler ýaram, Ýoluňda sergezdan gije-gündiz men. Elhepus-elhepus, älemgoşar dek Ýanyp çykypsyň-la ýar bize baka. Ýel össe ýyrtyljak sowsany köýnek, Güjeň-güjeň goşa nar bize baka. Dünýäde hiç güle saçmandyr bahar Seniň alkymyňa saçan müşküni. Dünýäde hiç kalba saçmandyr bahar Şahyryň kalbyna saçan yşkyny. Ömürbaky seniň näziňi çekmän, Undaýyn diýdim dünýäni gezip, Her säher ýatlaman diýsem-de, hökman Her agşam ýatladym bir gazal düzüp. Gunçalar içinde iň gözel gunça Ilki göze iler, ilki tiriler. Sen maňa gulak as, bezenme munça, Bezegi näme etjek? Özüň simu-zer! 302 Kim diýer ýaz güli owadan bolar, Kim diýer güýz güli owadan bolar, Soradym ýürekden, ýüregim diýdi: « Her kimiň öz güli owadan bolar». Sen meniň öz gülüm, öz gülälegim, Özge gül-günçalar gözüme ilmez. Sen meniň takdyrym, dilber läligim, Senden başgasynyň näzi çekilmez. Niçik men janymy gurban etmäýin, Selbi dek sülmüräp bakyşlaryňa. Niçik sazy şa perdeden tutmaýyn, Selbi dek zülplerňi döküşleriňe. Kümüş barmagyňda altyn ýüzügiň Gaşyňda lowurdap duran dürdäne, Batyp gitjek läläm, bir diňdirmeseň, Meniň gözýaşymyň deňzine ýene. Ne gözel bolardy hemme güllerde Seniň gara hallaň düzülen bolsa! Ne gözel bolardy hemme dillerde Seniň lebleň baly ezilen bolsa. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling