ADAM WE ADAMYŇ TÄSIN DÜNÝÄSI
Myratlaryň körpesi, akyllyjam Akmyrat,
Dünýe negözel bordy, seniň ýaly bolsa şat.
Söýsem-de sen gülýärsiň sögsem-de sen gülýärsiň,
Ne gaýgyny bilýärsiň, ne gussany bilýärsiň.
Hatda sen ýataňda-da, ukuda-da gülýärsiň,
Kim bilýär kimi ýatlap, kimiň bilen gülýärsiň.
Seniň öz bir dünýäň bar, diňe özüňe äşgär,
294
Dünýä aşyk gözleriňde elmydama şat bahar.
Güli görseň gülüşýän, guşy görseň gülüşýäň,
Guşlar senden gaçanok, bile oýnap birleşýäň.
Guşlar bilen oýnaýşyňa gülsem senem gülýärsiň,
Enaýyja aýnaýşyňa gülsem senem gülýärsiň.
Birdenkä-de aglamjyrap, gujagyma dolýarsyň,
Aglaýşyňam enaýy, aglaýarkaňam gülýärsiň.
Seniň öz bir dünýäň bar, diňe özüňe äşger,
Ol şeýle bir owadan nurana älemgoşar.
Bilmedim men näçe müňläp onda gözel reňk bar.
Bilmedim näçe owadan owaz onda ýaňlanýar.
Seniň birje sagatlyk oýnuňy saza salsaň,
Şol sazy hem söz aşygy kakaň kalbyndan alsaň,
Şol saz üçin şahyr ataň şeýle gazal düzerdi,
Şat aýdymym şat buşluk dek dilden-dile gezerdi.
295
ADAM WE WAGT
Her geçen ýyl ömrümizeden geçse-de,
Howlugýarys ömri öňe sürmäge.
Her geçen ýyl ömrümizden geçse-de,
Howlugýarys täze ýyly görmäge.
Howlugýarys ömri öňe sürmäge.
Neneň ömri haýdap öňe sürmejek,
Öňde bize beýik günler garaşýar.
Neneň o günlere ýetip görmejek,
Görmek üçin gojalar-da göreşýär.
Gojalar-da ölüme garaşmaýar,
Adam ogly umyt bilen ýaşaýar.
Her gün säher turup, gözüňi açyp,
Täze dogan güni görmek bagtdyr,
Täze dogan güni gujaklap-guçup,
Günden galman ýöremeli wagtdyr.
Täze dogan güni görmek bagtdyr.
Do'stlaringiz bilan baham: |