Gara Seýitliýew Saýlanan eserler


Download 4.16 Kb.
Pdf ko'rish
bet63/74
Sana08.11.2023
Hajmi4.16 Kb.
#1754342
1   ...   59   60   61   62   63   64   65   66   ...   74
Bog'liq
Gara Seýitliýew Saýlanan eserler-1995`Türkmenistan

ADAM WE GUWANÇ
Ozal men aýdardym soraşanlara:
Gäwersiň çölünde jerenler gezer.
Indi men aýdýan soraşanlara:
Gäwersiň kölüne marallar geler.
Awçylaň arzuwy akja jerenler,
Öýkelemäň şahyryň bu sözünden.
Maňa bagtyň derýasyny berenler,
Size-de suw berdi derýaň özünden.


279
Agşam aýyň yşygynda oýnaklap,
Akja depelerden inseňiz ýaka.
Sizi ürküzmejek bolup bukdaklap,
Biz giden bolýarys kenarda uka.
Durnaň gözi ýaly dury kölümiň
Dury suwun durlaňyzda näz bilen,
Dünýäň özi ýaly derýa göwnümiň
Dury tolkunlary joşýar saz bilen.
Aýna köl başynda aý yşygynda
Siziň apat gözlerňizi görenler,
Ömürbaky gezer görmek yşgynda
Siziň apat näzlerňizi, jerenler.
Çöl baharsyz bolar jeren bolmasa,
Çölleriň gözeli, lälik jerenim.
Köl baharsyz bolar, maral gelmese,
Gel, kölde gezeli, lälik maralym.
Gel, arzuw besläli aý yşygynda,
Üç myradym üç maraly getirsin.
Biziň bilen aýna kölüň başynda
Marallarnyň zülpün oýnap otursyn.


280
Ozal men aýdardym soraşanlara:
Gäwersiň çölünde jerenler gezer.
Indi men aýdýan soraşanlara:
Bagtyň derýasyny guranlar gezer.
ADAM WE ADAM
ÜÇIN GÖREŞ
Käwagt dost sözi ajy bolsa-da,
Ajy derman ýaly jana şypadyr.
Adam üçin göreş agyr gelse-de,
Şol agyr wezipäň ady wepadyr.
Belki, onuň bir derdi bar ýürekde,
Serhoş görüp, gülme oňa uzakdan.
Päk ýürekli ýoldaş durmaz uzakda,
Bir habar tut sen ondaky ýürekden.
Serhoş diýip geçme onuň duşundan,
Wepaly dost bolsaň, soraş halyny,
Aýpdyr dagap gitmek onuň daşyndan,
Şemal hasap etme dost ykbalyny.


281
Serhoş bolup, geçme onuň duşundan,
Onuň däli däldigini bilýärsiň.
Ol masgara bolsa iliň içinde,
Öz dostuňa sen näm üçin gülýärsiň?
Ol ýigit uruşda oduň içinden
Ýaraly ýoldaşyn alyp çykypdyr.
Dost bolarmy ýaman günde gaçandan,
Gaçma-da, ýardam et, saňa bakyp dur.
Käwagt dost sözi ajy bolsa-da,
Ajy derman ýaly jana şypadyr.
Adam üçin göreş agyr gelse-de,
Şol agyr wezipäň ady wepadyr.

Download 4.16 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   59   60   61   62   63   64   65   66   ...   74




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling