Gara Seýitliýew Saýlanan eserler


Download 4.16 Kb.
Pdf ko'rish
bet65/74
Sana08.11.2023
Hajmi4.16 Kb.
#1754342
1   ...   61   62   63   64   65   66   67   68   ...   74
Bog'liq
Gara Seýitliýew Saýlanan eserler-1995`Türkmenistan

286
ADAM WE WYSAL
Aşyklaryň pasly — bahar gelende,
Bahar güllerini ýygar, Aýperi.
Aý asmana galyp howalananda,
Meniň aýym bolup dogar,
Aýperi.
Aýyň alkymynda aýymy toplap,
Aýdymny aýdamda aýdymdan saýlap,
Bir gulaç saçlarny boýnuma aýlap,
Müň dürli näz bilen bogar,
Aýperi.
Diýmejekdim, ýene diýdimözüme:
«Men seni bermenem dünýäň
ýazyna.
Alla-da yşk etse ynsan gyzyna.
Sen diýip aglardy, meger,
Aýperi.»
Eşit indi eşdilmedik dessany,
Iki bolar iki gözüň gurbany,
Biri adam awlar, biri Allany,
Apatdyr gözleriň söwer,
Aýperi.


287
ADAM WE HIJRAN
Öýme ýaglyk bilen orap başyňy,
Wadaly wagtda çykdyň, Aýperi.
Ürkek maral ýaly garap daşyňy
Şahyryň ýüregni ýakdyň, Aýperi.
Ak maralym düşünmedim näziňe,
Gorka-gorka bakyşlaryň näzmidi?
Bu sowaly özüň berseň özüňe,
Öňki-öňki ýakyşlaryň azmydy?
Bagtly gijede görlen düýş ýaly,
Göründiň-de, gözden uçduň-da gitdiň,
Bagt açylyp, bagt gelen mahaly,
Özüň öz bagtyňdan gaçdyň-da gitdiň.
Gitdiň ýene wada berip şahyra,
Wadada wepaly maral, Aýperi.
Ýüregiň oduny urup şahyra,
Uçduň hyýal ýaly maral, Aýperi.
Göýä gara bulda batan aý ýaly,
Garaňkyda gaýyp bolduň gözümden.
Başlanman matama batan toý ýaly,
Hijranyň bir ýygyrt atdy ýüzümden.


288
Durlanan aý ýaly durkaň ýalbyrap,
Didaryňdan doýmadym men, doýmadym.
Uzak gije seniň yşkyňda saýrap,
Daň atanny duýmadym men, duýmadym.
Ak maralym, ak gollaryň ataşy
Asla-asla aýrylmaýar elimden.
Heý, şeýle-de ýakmak bormy ýoldaşy, 
Senden başga söz çykmaýar dilimden... 
ADAM WE NADAN
Geň! Elbetde, geň!
Emma bu bir hakykat.
Hemmä belli hakykat.
Birnäçe ýyl mundan öň
Ýüregi buzdan-da doň,
Daşy jäjek, içi möjek
Başga bahana tapman
Galstukly bir nadan
Gyz dogurýaň diýdi-de, kowdy öz dildaryny.


289
Bar Aşgabat eşitdi ol enäniň zaryny.
Gumry-guşuň ynjanda balalarnyň baryny
Elýetmez bir pudaga alyp çykyşy ýaly,
Balalarny bagryna basyp çykdy aýaly.
Çykdy ynjan öýünden,
Ol gün nämeler geçen kowlan gelniň küýünden.
Bir onuň özi bilýär, bir-de onuň ýüregi,
Gaý gününde gumry gelniň göwresiniň diregi,
Gözleriniň guwanjy — gözel gyzlary boldy.
Iki gyz bir enäni howpuň elinden aldy.
Şahyr dostum, bir görsediň sen ol şemşat gyzlary,
Şol şemşatlaň biriniň oýnap duran gözleri
Oýna gelen enesiniň gözlerine gülüp dur.
Mert enäniň tarypyna eşdilmedik sözleri
Tap-tap diýip, şahyr göwnüň ganatyna galyp dur.
Il guwanjy — iki gyzyň enesi merdan gelin,
Ýaşaýan döwrümiziň adyndan alkyş saňa!
Galstukly ol nadanyň baky lal etdiň dilin,
Şonuň üçin barymyzyň adyndan alkyş saňa!



Download 4.16 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   61   62   63   64   65   66   67   68   ...   74




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling